Dünýä boýunça adam hukuklaryna gözegçilik edýän halkara guramasynyň pikirine görä, soňky on ýylyň hiç birinde global azatlygyň derejesi 2015-nji ýyldaky aşak gaýtmandy.
Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Freedom House», ýagny «Azatlyk öýi» guramasy geçen ýylyň dowamynda dünýäniň 72 ýurdunda azatlygyň derejesi aşak gaçdy we diňe 43 ýurtda ýokarlandy diýýär.
Täze hasabatyň esasy gelen netijesine görä, «sosial gozgalaňlaryň turmagyndan edilýän gorky» Orsýeti, Hytaýy we beýleki awtoritar režimleri başga pikirlilere has ýowuz çemeleşmäge we olary has aşak basmaga iterdi.
Hasabatda Türkmenistan bilen Özbegistana aýratyn üns berilýär we olar dünýäniň syýasy hem-de raýat azatlyklary boýunça iň erbet ýurtlarynyň onlugyna girýär.
"Merkezi Aziýada Türkmenistana we Özbegistana azatlygyň derejesi boýunça ýamanyň ýamany diýilýän ýurtlaryň arasynda orun berildi, bu olaryň tutuş dünýäde iň pes baha alan ýurtlaryň onlugyna girýändigini görkezýär» diýip, «Azatlyk öýi» guramasynyň barlag-gözegçilik direktory Jennifer Dunham Azatlyk radiosyna aýtdy.
«Azatlyk öýi» guramasynyň hasabatynda bellenilmegine görä, bu global azatlygyň tapgyr onunjy ýyl tutuşlygyna aşak düşmesi bolup durýar.
"Bu ýyldaky aşaklama birnäçe faktoryň, şol sanda Siriýada, Yrakda, Owganystanda we beýleki ýerlerde dowam edýän konfliktleriň netijesi boldy» diýip, Jennifer Dunham aýtdy.
Ol bu ýurtlardaky ynsanperwerçilik krizisiniň diňe bir ýitileşmeýändigini, eýsem görülmedik möçberde bosgunçylyk döredýändigini, terror toparlarynyň güýçlenmegine we guramaçylykly hüjümlerine hem ýol açýandygyny sözüne goşdy.
«Azatlyk öýi» guramasynyň 27-nji ýanwarda çap eden ýyllyk hasabatynda dowam edýän uruşlaryň we beýleki zorlukly konfliktleriň «demokratik ýurtlarda başga ýurtlulary halamazlyk meýilleriniň» güýçlenmegine hem itergi berendigi bellenilýär.
Hasabatda «Azat däl» diýen ýedereje berlen ýurtlaryň arasynda, Türkmenistan bilen bir hatarda, Owganystan, Azerbaýjan, Belarus, Eýran, Yrak, Gazagystan, Orsýet, Täjigistan we Özbegistan bar.
«Freedom House» Ukrainanyň 2014-nji ýylda Orsýet tarapyndan zor bilen anneksiýa edilen Krym ýarymadasynda azatlyk babatda kesgin yzagaýdyşlygyň bolandygyny aýdýar.
Dunham Merkezi Aziýa baradaky gürrüň dolanyp, merkezi aziýaly duldegşir goňşular Türkmenistan bilen Özbegistanyň aşakdan Demirgazyk Koreýanyň yz ýanyndan gelýändigini, Aşgabadyň öz goňşusyndan diňe iki basgançak ýokardadygyny aýdýar.
Täjigistanda hem geçen ýyl azatlygyň derejesiniň pese düşmeginde «görnetin ilerleme» bolupdyr.
Ol Täjigistanyň hökümetiniň ýurtda galan soňky oppozisiýa partiýasyny, Täjigistanyň Yslamyň gaýtadan döreýiş partiýasyny ýapandygyny aýtdy. Dunham bu partiýanyň ýapylmagynyň 1997-nji ýylda Täjisgistandaky raýat urşy gutaranda baglaşylan şertnamanyň düzgünleriniň bozulmagy bolandygyny belleýär.
Şeýle-de Täjigistan geçen ýyl garaşsyz media çeşmelerine we jemgyýetçiligiň hökümeti tankytlamagyna has-da kän basyş görkezdi diýip, Dunham aýtdy.
Ol Täjigistan «hakykatdan-da Özbegistana we Türkmenistana tarap süýşýär» diýdi we munuň “örän ynjalykdan gaçyryjy» ýagdaýdygyny belledi.
Ol Azerbaýjandaky saýlawlaryň raýat jemgyýetine garşy ýene bir tapgyr repressiýa, žurnalistleriň tussag edilmegi, daşary ýurt žurnalistleriniň Azerbaýjanda geçirilen Ýewropa oýunlaryna gelmekleriniň gadagan edilmegi bilen utgaşandygyny hem sözüne goşdy.
Azatlyk babatda 2015-nji ýylda bolan global yzagaýdyşlyga garamazdan, «Azatlyk öýi» guramasynyň hasabatynda analiz edilen 195 ýurduň 75 prosentiniň, ýagny 86 ýurduň entegem azatdygy, 59 ýurduň bolsa bölekleýin azatdygy aýdylýar.
Galan 50 ýurt, şol sanda Türkmenistan «azat dälleriň» sanawyna girýär.
Umuman alnanda bolsa, hasabat soňky 10 ýylda 105 ýurduň azatlyk derejesiniň peselendigini, diňe 61 ýurtda ilerleme bolandygyny aýdýar.
Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.