Maryda suw sagatlaýyn berilýär

Mary: Suw kösençlikleri

Mary şäheriniň ýaşaýjylary soňky bir ýyldan bäri suw gytçylygyndan ejir çekýärler. Agyz suwy kranlardan günüň dowamynda diňe belli bir sagatlarda berilýär, ýagny Maryda suw sagatlaýyn berilýär. Bu ýagdaýdan esasanam köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylary kösenýärler.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Marynyň käbir ýaşaýjylary, häzirki wagtda Mary şäheriniň köp ýerlerinde suwuň günüň dowamynda üç sagatdan üç gezek akdyrylýandygyny we köp halatlarda şol suwuň hem badynyň pesdigini gürrüň berýärler.

Mary şäheriniň wokzalynyň töwereginde ýaşaýan bir ýaşaýjy, öz ýaşaýan binasynyň ikinji gatyna-da suwyň çykmaýandygyny aýdýar, edil şeýle ýagdaýyň dowam edýändigini Marynyň Aşgabat we Mollanepes köçeleriniň käbir ýaşaýjylary hem gürrüň berýärler.

Suw tygşytly ulanylýar

Suw gytçylygyndan ejir çekýän maşgalalaryň aýtmaklaryna görä, bu ýagdaý sebäpli suw aýratyn tygşytly ulanylýar, olar islän wagty suwa düşüp, ýa bolmasa kir ýuwup bilmeýärler.

“Kir ýuwmak, gap-gaç ýuwmak, biş-düş etmeklik, arassaçylyk, gepiň gysgasy, öýüň içindäki gündelik edilýän işleriň ählisi üçinem suw gerek. Suw gytçylygy dowam edýän häzirki wagtda bularyň ählisi problema” diýip, Marydan öz adynyň agzalmazlygyny soran bir ýaşaýjy aýtdy.

Bu problemanyň bir ýyl gowrakdan bäri dowam edýändigine garamazdan, häkimiýetler halk köpçüliginiň öňünde bu problema boýunça asla dil ýarmaýarlar, onsoň bu ýagdaýdan köplenç adamlaryň özleri çykalga tapmaga synanyşýarlar.

Her öýde diýen ýaly suw alyp goýmak üçin ullakan plastiki gap-gaçlar bar, suw gelen wagty şol gaplar doldurylyp goýulýar we soňra suw kesilende şol ätiýaçlyk suwdan peýdalanýarlar.

Suw ýetmezçiliginiň sebäpleri

“Biz birnäçe gezek suwsuz galdyk, şäher ýerinde suw öýlerde akmasa, başga ýerden suw alyp bolmaýar. Şonuň üçin biz suw gelende gaplarymyzy dolduryp goýýarys. Içiljek suwy bolsa aýratyn gapda goýýarys, bolmasa dükanlardan satyn almaly” – diýip, özüni Nabat diýip tanadan 50 ýaşlaryndaky öý-hojalykçy aýal Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Suw ýetmezçiliginiň sebäpleri barada aýdylanda, her etrabyň özüne mahsus ýagdaýy bar, emma iň uly meselelerden biri - suw akdyrylýan turbalaryň çüýränligi bilen bagly. Onsoň käbir jaýlarda adamlaryň özleriniň turba çekip, nasos guran ýerlerem bar.

Nasos ulanyp, ýokarky gatlara suw çykaryp bolýan bolsa-da, ol nasoslaryň sesi aşaky gatlarda ýaşaýan goňşulary bimaza edýär. Nasos gurlan jaýlar nasos gurulmadyk jaýlara akýan suwuň badyny alýar, bu bolsa goňşularyň arasynda agzalalyga sebäp bolýar.

Görülýän çäreler

“Mary şäheriniň degişli ýolbaşçylaryna ençeme gezek ýüz tutduk, olaryň ýagdaýdan doly habary bar, emma olardan hiç hili hereket ýok, arza-şikaýatymyzdan-da hiç hili peýda bolmady diýip, Mary şäheriniň özüni Geldi diýip tanadan 40 ýaşlaryndaky bir ýaşaýjysy aýtdy.

Mary şäher häkimliginiň bir resmisi bolsa bu barada käbir çäreleriň görülýändigini aýdyp, ilaty agyz suw bilen doly üpjün etmeklik baradaky döwlet meýilnamasynyň çäginde şäheriň käbir ýerlerindäki turbalaryň çalşylandygyny we daşary ýurtlardan getirilen güýçli nasoslaryň oturdylandygyny gürüň berdi.

Emma bu çäreler iň bärkisi hatda Mary şäheriniň wokzalynyň töweregindäki, Marynyň Aşgabat we Mollanepes köçeleriniň ýaşaýjylarynyň durmuşyna-da henize çenli hiç hili duýarlykly täsir ýetirenok.