Mary: Suw kösençlikleri

Käbir ýaşaýjylar häzirki wagtda Mary şäheriniň köp ýerlerinde suwuň günüň dowamynda üç sagatdan üç gezek akdyrylýandygyny we köp halatlarda şol suwuň hem badynyň pesdigini gürrüň berýärler. 

Suw gytçylygyndan ejir çekýän maşgalalaryň aýtmaklaryna görä, bu ýagdaý sebäpli suw aýratyn tygşytly ulanylýar, olar islän wagty suwa düşüp, ýa bolmasa kir ýuwup bilmeýärler.

Bu problemanyň bir ýyl gowrakdan bäri dowam edýändigine garamazdan, häkimiýetler halk köpçüliginiň öňünde bu problema boýunça asla dil ýarmaýarlar.

Onsoň bu ýagdaýdan köplenç adamlaryň özleri çykalga tapmaga synanyşýarlar. 

Käbir jaýlarda adamlaryň özleriniň turba çekip, nasos guran ýerlerem bar. 

Nasos ulanyp, ýokarky gatlara suw çykaryp bolýan bolsa-da, ol nasoslaryň sesi aşaky gatlarda ýaşaýan goňşulary bimaza edýär. 

Mary şäher häkimliginiň bir resmisi bolsa bu barada käbir çäreleriň görülýändigini aýdyp, ilaty agyz suw bilen doly üpjün etmeklik baradaky döwlet meýilnamasynyň çäginde şäheriň käbir ýerlerindäki turbalaryň çalşylandygyny we daşary ýurtlardan getirilen güýçli nasoslaryň oturdylandygyny gürüň berdi.