«Türkmengaz» döwlet konserni habar serişdeleri üçin maglumat çap edip, Orsýetiň «Interfaks» habar agentliginiň 14-nji ýanwarda rus-türkmen gaz söwdasy barada ýaýradan habaryny ýalana çykardy.
«2016-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda «Interfaks» agentligi tarapyndan, «gepleşiklere ýakyn çeşme» diýilýäne salgylanyp, «Gazprom» «Türkmengaza» 2016-njy ýylda gaz söwdasy boýunça şertnama arakesmesini teklip etdi» diýlip ýaýradylan habar hakykata laýyk gelmeýär diýip, «Türkmengazyň» beýanatynda aýdylýar.
«Türkmengaz» bu habaryň tendensioz häsiýete eýedigini belläp, bu mesele boýunça 4-nji ýanwardaky pres-relizinde aýdylan zatlary, hususan-da «Gazprom eksportyň» türkmen tarapyny türkmen tebigy gazynyň 2016-njy ýylyň ýanwaryndan başlap kabul edilmejegi bilen habarly edendigini ýatladýar.