Tähran, Washington tussag çalyşdy

Jason Rezaian

Tähran “Washington Post» gazetiniň žurnalisti Jason Rezaiany we Eýran-Amerikan goşa raýatlygy bolan üç tussagy azat etdi.

Olar Waşington bilen tussag çalşygy esasynda, ABŞ-nyň ýedi sany eýranly tussagy azat etmegi bilen boşadyldy.

“Washington Post» gazetiniň Tährandaky býurosynyň başlygy Rezaian Eýranda bir ýyldan gowrak wagtlap içalyçylyk aýyplamasy esasynda saklanyldy.

Emma ol we “Washington Post» bu aýyplamany ret etdi we onuň has uly syýasy oýunda söwdalaşmak üçin tutulandygyny öňe sürdi.

Şeýle-de Eýran milli howpsuzlygy gowşatmakda aýyplanyp üç ýyl tussaglykda saklanan eýran-amerikan ruhanysy Saýeed Abedini, ozalky amerikan deňizçi esgeri, duşman hökümetler bilen hyzmatdaşlyk etmekde aýyplanyp 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Amir Hekmati azat etdi.

Amerikan resmileri dördünji azat edilen tussagyň Nosratollah Khosravi-Rudsaridigini aýtdylar. Dördünji tussagyň şahsyýeti barada eýran mediasynda garyşyk maglumatlar berildi.