Türk wiza ylalaşygy we türkmenistanlylar

Aşgabat, uçar meýdanyndan çykýan ýolagçylar

Metbugatda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkiýäniň arasynda, bosgun problemasynyň çözülmegi bilen baglanyşykly gelnen ylalaşyga görä, türk raýatlarynyň “Shengen” sebitine wizasyz gidip bilmegi üçin, Ankaranyň şu ýylyň iýun aýynda 89 ýurt bilen bolan wiza şertnamasyny ýatyrmaga taýýarlanýandygy habar berildi.

Wiza ylalaşygynyň goýbolsun ediljek ýurtlarynyň arasynda Türkmenistan hem bar.
Bilnişi ýaly, Türkiýe türkmenistanly migrantlaryň iň agdyklyk edýän ýurtlarynyň başyny çekýär. Ykdysady-söwda gatnaşyklarynda hem iki ýurduň arasynda üznüksiz gündelik gatnawlar bar.

Eýsem, häzirki wiza ylalaşygynyň goýbolsun edilmegi Türkiýedäki türkmenistanly migrantlaryň we söwdagärleriň durmuşyna nähili täsir ýetirer? Olar Türkiýede wiza düzgüniniň üýtgemeginden soň näme garaşýarlar?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sany Türkiýäniň wiza düzgünini üýtgetmeginiň Türkmenistanyň raýatlaryna ýetirjek täsirine bagyşlandy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Wiza ylalaşygy we türkmenistanlylar