“Gazprom” türkmen gazyny satyn almagyny diňe bir togtatman, eýsem “Türkmengaz” bilen şertnamany hem ýatyrdy diýlip habar berilýär.
Türkmenistanyň Nebit-gaz kompleksiniň resmi websaýtynda 15-nji ýanwarda agşam metbugat üçin çap bolan maglumatda şeýle diýilýär: “Türkmengaz” döwlet konserni “Gazprom” eksportynyň 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan söwda-satyk şertnamasyny möhletinden ir birtaraplaýyn togtadýanlygy barada “Türkmengazy” resmi taýdan habarly edenligini mälim edýär.
Şeýle-de bu resmi maglumatda “Interfax” habar agentliginiň “Gazprom” kompaniýasynyň “Türkmengaza” gaz söwdasynda arakesme girizmegi teklip edenligi barada 14-nji ýanwarda çap eden maglumatynyň hakykata gabat gelmeýänligini nygtady.
Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasy “Türkmengaz” döwlet konsernine 2016-njy ýylda gazyň söwdasyna degişli kontrakt arakesmesini girizmegi teklip etdi diýip, “Interfax” habar agentligi öz çeşmelerine salgylanyp habar beripdi.
“Halkara gaz bazaryndaky ýagdaýyň üýtgemegine laýyklykda, Özbegistan has amatly nyrhlary hödürleýär. Netijede Özbegistanyň hödürleýän nyrhy Türkmenistanyňkydan has pes” diýlip, 14-nji ýanwarda “Interfax” gaz boýunça geçirilýän gepleşiklere gatnaşýan orsýet resmisiniň sözlerini getirýär. Emma anyk haýsy sanlar barada gürrüň edilýändigi barada maglumat berilmeýär.
Ýatladyp geçsek, mundan owal, ýagny 4-nji ýanwarda “Türkmengaz” ýörite beýanat ýaýradyp, onda “Gazprom” kompaniýasynyň türkmen gazyny satyn almagyny bes edýändigini mälim edipdi. Resmi maglumatda “Gazprom eksport” kärhanasynyň türkmen tarapyna, 2016-njy ýylyň ýanwar aýyndan başlap, türkmen gazyny satyn almagyny duruzýandygyny habar berendigi aýdylypdy.
Gepleşikleri geçirmek mümkinçilikleri...
Bu habaryň köpçülige ýaýramagynyň yzy bilen Orsýet Özbegistandan satyn alýan gazynyň möçberini artdyrandygy hem yglan etdi.
“Özbegistan biziň gaz pudagyndaky ynamdar hyzmatdaşymyz we biz bu ugurda ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklarymyzy ösdürmegi dowam etdireris. Şeýle-de, şu ýyl Özbegistandan satyn aljak gazymyzyň mukdary göz-görtele artar” diýip, 4-nji ýanwarda “Gazprom” kärhanasynyň ýolbaşçysy Alekseý Miller mälim etdi.
Gepiň gerdişine görä bellesek, türkmen tarapy şu aýyň başynda ýaýradan beýanatynda gepleşikleri geçirmek mümkinçiliklerini-de ýaňzydyp, hususan-da: “[biz] iki ykdysady subýektiň arasyndaky hojalyk aragatnaşyklaryna degişli giň gerimli meseleler boýunça gepleşikleri geçirmäge taýýar” diýdi.
“Interfax” habar gullugynyň penşenbe güni beren maglumatynda ady tutulmadyk rus resmisi Türkmenistanyň ýakynda hazarýaka gazgeçirijisini gurmak boýunça gepleşiklere gaýtadan başlamak baradaky meýillerine jogap edip, “türkmen gazynyň bahasyny üýtgetmezden gepleşikleri geçirmegiň manysyzdygyny” tekrarlady.
Gazyň möçberi ýyldan-ýyla üýtgeýär
Orsýet bilen Türkmenistanyň arasyndaky gaz söwdasy 2003-nji ýylda baglaşylan ylalaşygyň esasynda amala aşyrylýar. Iki ýurduň arasynda 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan şol dokumentde Türkmenistandan Orsýete “Orta Aziýa-Merkez” we “Gündogar-Günbatar” gazgeçirijileri arkaly ýylda 80 milliard kubometre çenli gaz akdyrylmagy göz öňünde tutulýar.
Ylalaşykdaky agzalýan gazyň möçberine garamazdan, türkmen gazynyň Orsýete akdyrylýan mukdary o ýyldan bu ýyla üýtgäp durupdy. “Reuters” habarlar gullugynyň maglumatyna laýyklykda, 2008-nji ýylda Russiýa 40 milliard m3 türkmen gazy akdyrylan bolsa, 2009-2014-nji ýyllar aralygynda bu görkeziji 10-11 milliard m3 deň bolupdy. 2015-nji ýylda bolsa, rus kärhanasy Türkmenistandan satyn alýan gazyny 4 milliard kubometre çenli azaltdy.
Geçen ýyl Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda özara gaz söwdasy bilen baglanyşykly käbir meseleler hem ýüze çykdy. Ýagny, 2015-nji ýylyň iýul aýynyň başynda Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrligi Orsýetiň 2015-nji ýylyň başyndan bäri “Türkmengaz” döwlet konsernine akdyrylan gaz üçin bergilerini töläp bilmeýändigini aýdyp, ony “tölege ukypsyz partnýor” diýip yglan edipdi.
Munuň yz ýany “Gazprom” “Türkmengazyň” üstünden şikaýat edip, Stokgolmyň halkara dawalara seredýän suduna ýüz tutup, gazyň bahasyna gaýtadan seredilmegini talap edipdi.
Türkmenistan häzirlikçe öz tebigy gazyny üç ugur boýunça: Russiýa, Eýrana we Hytaýa eksport edýär.