Dört raýat TW-de özüni ýazgardy

Türkmen döwlet TW-si

Türkmenistan penşenbe güni harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň bilelikde geçiren operasiýalarynda ele salnan neşe serişdelerini we ýurda bikanun getirilen temmäki önümlerini ýok etmek boýunça nobatdaky çäräniň geçirilendigini habar berdi.

Bu çäre ýurda temmäki önümlerini bikanun getirmekde aýyplanýan, şeýle-de döwlet gullugyndaky wezipesinden peýdalanyp, para alan raýatlaryň birnäçesiniň telewideniýe arkaly toba etdirilmegi, öz-özlerine garşy görkezme bermegi bilen utgaşdy.

Türkmen telewideniýesiniň 14-nji ýanwardaky habarynda «ýeňil eklenç gözläp, temmäki önümi bolan çilimi bikanun ýollar bilen» ýurda getirmek ýaly jenaýatçylykly iş bilen meşgul bolýanlaryň tapylmagynyň gynançlydygy bellenilýär. Şeýle-de habarda «şunuň ýaly haram işe baş goşan adamlar öz pällerinden tapdylar» diýilýär.

Türkmen telewideniýesinde «jenaýatçy» diýlip atlandyrlan dört raýatyň birinjisi, 1976-njy ýylda doglan telekeçi Saparmyrat Geldiýew daşary ýurtlardan getiren temmäki önümlerini resmileşdirmek üçin «Türkmen standartlary» gullugynyň we gümrük gullugynyň işgärlerine para berendigini aýdýar.

Aýyplanýanlaryň ýene biri, 1972-nji ýylda doglan Rahat Abaýew bolsa, telewideniýede berlen tobasynda 2007-nji ýyldan bäri telekeçilik edýändigini, şeýle-de «telekeçiligi halal ýöretmek üçin ähli şertleriň bardygyny» aýdýar.

Emma ol pes hilli temmäki önümlerini ýurda getirip, resmileşdirmek üçin degişli gulluklaryň işgärlerine bara berendiklerini tassyklaýar.

1981-nji ýylda doglan Erkin Döwletow bolsa, telewideniýede berlen tobasynda Aşgabat gümrük postundaky gözegçilik wezipesini para almak üçin ulanandygyny tassyklaýar.

Telewideniýede tobasy görkezilenleriň ýene biri, 1983-nji ýylda doglan Guwanç Aşyrow «Türkmen standartlary» gullugyndaky wezipesini para almak üçin ulanandygyny tassyklaýar.

Döwlet eýeçiligindäki telewideniýäniň habarynda bu raýatlaryň bikanun gazanandygy aýdylýan emläkleriniň döwletiň haýryna geçirilendigi aýdylsa-da, olara sud edilip-edilmändigi aýdyň bolman galýar. Ýagny, indi olaryň «eden emişleri üçin kanunyň öňünde jogap bermeli boljakdyklary» aýdylýar. şol bir wagtda hem olar «jenaýatçy» diýip atlandyrylýar.

Türkmen metbugatynyň bu habarynda daşary ýurtlardan getirilýän bikanun önümleri gümrükden geçirmek we «Türkmen standartlary» gullugynda resmileşdirmek üçin para bermek praktikasynyň nä derejede giň ýaýrandygy, ýagny ýurtda çilimkeşlige garşy alnyp barylýan kampaniýanyň çäginde şeýle ýagdaýlaryň Aşgabatdan başga ýerlerde näçeräk ýüze çykarylandygy aýdylmaýar. Ikinji tarapdan, ýakylyp ýok edilen temmäki önümleriniň möçberi barada hem anyk maglumat berilmeýär.

Emma habarda ýurtda halal ýaşamak, işlemek üçin ähli şertleriň bardygy hem toba edýänler, hem diktor tarapyndan ençeme gezek nygtalýar.

Türkmenistanda häkimiýetler tarapyndan ol ýa-da beýleki düzgün bozmada aýyplanýan raýatlaryň wagtal-wagtal özlerine garşy görkezme berip, telewideniýede halka görkezilmegi, köpçüligiň öňünde toba etdirilmegi täzelik däl. Mysal üçin, 2015-nji ýylyň noýabrynda hem birnäçe raýat «dollar dowly», manadyň hümmetiniň aşaklajagy barada ýaýran gürrüňler bilen bagly, özlerini ýazgaryp, kameranyň öňünde görkezme bermeli bolupdylar.

Şol bir wagtda türkmen kanunçylygynda raýatlaryň öz-özlerine we ýakyn garyndaşlaryna garşy görkezme bermäge mejbur edilip bilinmejegi bellenilýär.