Seljuk imperiýasynyň paýtagty bolan gadymy Mary ir zamandan, mongol basybaljylary gelip, şäheri oda berýänçä, uly medeni merkez bolupdyr.
Alymlar mesgeni
Bu şäherden örän meşhur alymlar ýetişipdir, ol alymlar şöhraty biziň döwrümize gelip ýeten ylmy işler döredipdirler.
Taryhy çeşmeleriň ýazmagyna görä, Abu Sa’d ibn Muhammed as-Sam’ani 1113 – 1167-nji ýyllarda, ýagny Seljuklaryň ýedinji patyşasy Sanjar Soltanyň şalyk süren döwürlerinde, Maryda ýaşapdyr. Aşa zehinli bu ynsan syýahatçy bolupdyr. Ol syýahat täsirlerinden birnäçe eser galdyrypdyr. Olardan biri “Kitab al-ansab” (“Geneologiýa – urug, şejere kitaby”) örän meşhur bolupdyr. Ol ýerde syýasatda, dinde hem medeniýetde tanalan adamlar barada maglumat berilýär diýip, alymlar aýdýarlar.
Ol belli adamlary öz lakamlary, ýagny nisbet boýunça ýerleşdirip, elipbiý tertibinde terjimehallaryny beýan edipdir. Olaryň haýsy milletden we haýsy tiredendigi, önüp-ösen ýeri görkezilipdir. Häzir Britan muzeýinde saklanýan bu iş Merkezi Aziýanyň hem Eýranyň taryhyny öwrenmekde örän gymmatly çeşme saýylýar.
Asly arap bolsa-da, ömrüni Maryda geçiren Muhammed as-Sam’aniniň beýleki bir möhüm işi Mary şäheriniň taryhyna degişli bolup, ol 20 jiltden-tomdan ybarat ekeni. Arman, şeýle gymmatly iş biziň döwrümize gelip ýetmändir. Maryny Çiňgiz hanyň goşuny basyp alandan soň, kitaphanalar oda berlende, ol kitaplar ýakylan bolsa gerek diýlip, alymlar çaklaýarlar.
Marynyň taryhy barada şeýle uly iş şol döwürde döredilipdir. Deňeşdirmek üçin aýtsak, Günbatarda Rim şäheriniň taryhyna degişli şeýle köp kitap ýazylypdyr.
Türk
Birnäçe taryhçy alym Türk sözüň arap çeşmelerinde X-X1 asyrdan ulanylyp başlandygyny aýdýarlar. Aslynda bu söz Maryda Y11 asyrda daşyň ýüzüne oýulyp ýazylypdyr we biziň günlerimize ýetipdir.
Muhammet Pygamberiň egindeşlerinden –ashablaryndan biri Abu Abdylla Bureýdanyň mazarüsti daşy dogrusynda belli rus alymy W.A. Žukowskiý “Gadymy Merwiň harabaçylygy” diýen işinde şeýle ýazýar: “Bureýda 681-nji ýylda Merwde ýogalýar we ony şol ýerde hem jaýlaýarlar” (11-nji sah.).
Gadymyýeti öwreniji Azym Ahmedow “Gadymyýetiň ýaňy” atly kitabynyň 66-njy sahypasynda mazarüsti daşyň ýazgysyny hem terjimesini berýär. “Ol birnäçe wagtlap Medinä baglandy, onsoň ony taşlap, Basra geçdi, soňra-da ony goýup Horasana gelýär we onda musulman ymany üçin ýeňiş hem üstün çykma baýdagyny (tuguny) dikdi we ondan türkleriň ýurduna baryp ýetdi...“
7-nji asyrda-da bu ýerler türkleriň ýurdy ekeni.
Baý kitaphanalar
Yslam dünýäsini öwreniji, şweýsariýaly belli alym Adam Mesz “Musulman reneszansy” atly meşhur işinde Merwiň baý kitaphanalary barada ýazýar.
“Azda-kände ähmiýeti bolan mesjitleriň öz kitaphanalary bolupdyr ýa-da adatça adamlar öz kitaplaryny mesjide beripdirler. Aýtmaklaryna görä, Merwdäki mesjitlerde baryp Ýezdi Gert 3-nji zamanynda getirilen kitaplaram goýlupdyr. Soňra döwletiň özi-de kitaplary toplamagy özüniň örän beýik mertebesi saýypdyr.” (145-nji sah.)
Adam Mesz Ibn Taýfur atly arap taryhçysynyň sözüni getirip, ýene şeýle ýazýar. “Hatda soňky döwürlerde hem geografiýaçy Ýakut Merwiň kitaphanalary barada, agzyndan bal damdyryp gürrüň berýän ekeni. Ol şol kitaphanalarda üç ýyllap işläpdir. Şol zamanlar şäherde 12 sany kitaphana (wakf) bolup, ondan tutuş jemgyýet peýdalanyp bilipdir. Olaryň birinde 12 müň çemesi kitap bolupdyr. Şol kitaphanalaryň hojaýynlary örän parhly hem geçirimli adamlar ekeni. Alymlar girewine zat goýmazdan, öz öýlerinde mydama 200-den gowrak kitap saklap bilipdirler.“
Adam Mesziň ýatlaýan ynsany Ýakut ar-Rumy al-Hamawy (1179 – 1229) aslynda wizantiýaly grek ekeni. Ol oglan wagtynda Seljuk türkleri tarapyndan ýesir alnyp, Siriýanyň Hama şäherinden bir arap söwdagärine satylýar. Şol arabyň elinde gowy bilim alan we dil öwrenen bu ynsan hojaýyny ýogalyp, azatlyga çykanyndan soňra dünýä syýahat edýär. Netijede „Mu‘jam al-buldan“ („Ýurtlaryň elipbiý tertibindäki sözlügi“) atly köp tomluk eserini ýazýar.
Alamat
Bu zatlaryň ählisi ylma belli. Şol gowgalardan bäri 800 ýyl çemesi wagt geçip barýar. Täze nesiller dogulýarlar, köpelýärler, ösýärler. Emma Mary gaýdyp dolanmajak geçmişe gitdi. Gadymy şäher entegem gara külüň aşagynda dargap ýatyr.
Ol harabaçylyk ýüzlerçe ýyl bäri kitabyň ýok ýerinde, medeniýetiň hem ösüşiň bolmajakdygyny subut edip gelýär.
Hudaýberdi Hally, ýazyjy.
Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.