Şu günden, ýagny 12-nji ýanwardan başlap Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ilata dollar satmagyň bes edilendigi habar berilýär. Maglumata görä, Aşgabadyň tas ähli walýuta alyş-çalyş nokatlarynda diýen ýaly ilata dollar satylmaýar.
Şol bir wagtyň özünde, resmiler tarapyndan ilata dollaryň näme sebäpden satylmaýandygy we bu düzgüniň näçe wagt dowam etjekdigi barada hem maglumat berilmeýär.
Azatlyk Radiosyndan Sähra Gulam Nabi bu meseläniň jikme-jikleri bilen gyzyklanyp, Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Şeýle-de, Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew Mary welaýatynda ilata dollaryň satylyp-satylmaýandygy bilen gyzyklanyp, Marydaky habarçysy Röwşen Çaryýew bilen söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar