Pendiniň gazym kösençlikleri
Ýerli ýaşaýjylaryň öz ekinlerini suwarmak üçin ulanýan bu ýabyndan suwuň gowy akmagy üçin, onuň gyrmança basan ýerleri ýörite hakyna tutulan agyr tehnika arkaly gazylyp giňeldilýär we çuňaldylýar.
Nowhana ýaby gazmak işleri ekinleri suwarmaly döwür göz öňünde tutulyp, irgözinden geçirilse-de, bu işiň talaba laýyk alnyp barylmaýandygy sebäpli, onuň töwerekdäki ilata ýetirýän oňaýsyz taraplary hem ýok däl.
Nowhananyň mellek ýerlerine ýakyn ýerleşýändigi sebäpli, ýapdan çykarylýan palçykdan depeler döreýär we töwerekdäki howlularyň haýatlary ýumrulýar. Ardylyp çykarylan läbik palçygyň ýabyň boýundaky ekin ýerlerine dökülýän gezekleri-de seýrek däl.
"Her gezek gazyjy traktor gelende, meniň mellegimiň haýatyny ýykyp gidýär, mellekdäki miweli baglaryma zyýan ýetirýär" diýip, käbir ýaşaýjylar aýdýarlar.
Pendili Agamammediň gürrüňine görä, ýerli ýaşaýjylaryň bu baradaky arzlaryna garamazadan, ilatyň arzyna hiç hili gulak salynmaýar.