Pars aýlagynyň sünni arap monarhiýalary Saud Arabystanyna Eýran bilen arada dörän diplomatiki dawada goldaw bildirip, Tähranyň Riýadyň içerki işlerine gatyşýandygyny aýtdylar we ony ýazgardylar.
Şu aralykda Saud Arabystany Eýrany terrorçylyga howandarlyk etmekde aýyplady we patyşalygyň, eger regional basdaşy özüniň häzirki syýasatyny dowam etdirse, Tährana garşy täze çäreleriň pikirini etjegini aýtdy.
Aýlak hyzmatdaşlygy geňeşine girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleri, Pars aýlagyndaky sünni arap monarhiýalaryny özünde jemleýän topar 9-njy ýanwarda, Saud Arabystany bilen şaýy köplügindäki Eýranyň arasynda güýçlenýän dartgynlyklary maslahatlaşmak üçin, Riýadda adatdan daşary maslahat geçirip, beýanat çap etdi.
AHG toparyna Bahreýn, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri, Katar, Oman we Saud Arabystany girýär.
Bu alty ýurduň çap eden beýanatynda Saud Arabystanynyň Tährandaky diplomatik missiýasyna tanymal şaýy ruhanysy Nimr al-Nimriň jezalandyrylmagy sebäpli gazaba çykan demonstrasiýaçylar tarapyndan hüjüm edilmegi «berk ýazgyrylýar».
Şeýle-de olaryň Tähranyň «bu terror hüjümleri üçin jogapkärdigini» aýdýarlar.
Beýanatda Tähranyň bir hepde ozal Nimr-iň jezalandyrylmagy bilen bagly ýazgarmalarynda Saud Arabystanynyň içerki işlerine goşulýandygy aýdylýar we Tähranyň tankydy «Saud Arabysatanynyň diplomatik missiýalarynyň nyşana alnan agressiýalaryna göni meçew berdi» diýilýär.
AHG Saud Arabystanynyň terrorçylyga garşy göreşmek barada alan kararyny doly goldaýar we «saud adalat sistemasynyň garaşsyzdygyna we özbaşdakdygyna doly ynanýar» diýip, beýanatda aýdylýar.
Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir 9-njy ýanwarda patyşalygyň, eger regional basdaşy “agessiýasyny» dowam etdirse, Eýrana garşy «goşmaça çäreleri» görmegiň pikirini etjekdigini aýtdy.
"Eýran öz goňşularynyň içerki işlerine goşulýar we terrorçylygy goldaýar» diýip, Jubeir metbugat ýygnagynda aýtdy.
Emma ol Tährana garşy görüljek täze çäreleriň nämelerden ybarat boljagyny aýtmady.
Saud Arabystany Nimri 2-nji ýanwarda, terrorizmde aýyplap jezalandyrdy we bu ýagdaý Ýakyn Gündogardaky we beýleki ýerlerdäki şaýylaryň arasynda gahar-gazap döretdi.
Nimr Saud Arabystanyndaky şaýy jemgyýetçiliginiň arasynda uludan sylanýan ruhanydy we şaýy azlygyna gowy çemeleşilmegine çagyrýan demonstrasiýalaryň arkasynda bolupdy.
Eýran resmileri patyşalygyň häkimiýetlerini Nimriň jezalandyrylmagy sebäpli gazaply tankyt etdiler we eýran mähellesi Tähran protestinde saud ilçihanasyna we konsullygyna hüjüm etdi.
Eýran hadysasyna jogap edip, saud Arabystany we Bahreýn Tähran bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi. Katar, Kuweýt bu ýurtdaky içlçilerini çagyrdy we BAE Tähran bilen gatnaşyklaryny azaltdy. Şu aralykda Tähran Riýad bilen ähli söwda gatnaşyklaryny kesdi.
Eýran diplomatik krizisde Saud Arabystanyny günäledi we patyşalygyň "mezhebara ýigrenji» öjükdirýändigini aýtdy.
Arap ligasy, bu krizisi maslahatlaşmak üçin, 10-njy ýanwarda Kairde duşuşýar.
Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.