Berdimuhamedowyň "çözülmedik meseleleri"

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow maslahat geçirýär.

«2015-nji ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň makro-ykdysady görkezijileri umuman erbet bolmady, emma muňa garamazdan, heniz üstünde işlemeli, çözülmedik köp sany meseleler hem bar» diýip, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda aýtdy.

Şeýle-de prezident 2015-nji ýylda ýurduň jemi içerki önüminiň artyşynyň 6.7 prosent bolandygyny aýtdy. «Roýters» habar gullugy türkmen metbugatyna salgylanyp, Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň artyşynyň 2014-nji ýyldakydan mazaly peselendigini, ýagny onuň bir ýyl ozal 10.3 prosent bolandygyny ýazýar.

Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2015-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenip, ýakyn geljek üçin milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan meselelerine seredildi.

"Örän ýokary derejeler"

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow öz çykyşynyň dowamynda ýurduň oba hojalyk pudagynda «özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde», azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde «örän ýokary derejelere ýetilendigini» belledi.

Döwlet baştutanynyň tassyklamagyna görä, bu ugurdaky ösüş 85 prosent bolupdyr.

Emma ol geçen ýyl geçiren hökümet maslahatlarynda daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümlerine aşa kän altyn puluň harçlanýandygyny tankyt edip, ýurt içinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň öwezini tutjak önümleri köpeltmegi talap edipdi.

Türkmen lideriniň sözlerine görä, häzir oba hojalygynda döwlete dahylsyz pudagyň paýy 92 prosentden hem geçýär, ýöne ol indi oba hojalygynda döwlet dolandyryş düzümleriniň gereginden artyk çişirilendigini tankytlaýar.

Netijede, prezidentiň gelen kararyna görä, indi oba hojalyk toplumyndaky ministrlikler we pudak edaralary birleşdirilip, diňe iki sany dolandyryş edarasy, Oba we suw hojalyk ministrligi, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti dörediler.

Emma bu üýtgeşmeleriň daýhanlaryň önüm öndürmek, öz islän ekinini ekmek, önümlerini bähbitli ýerlemek mümkinçiliklerini nähili giňeltjekdigi, şeýle-de olaryň hakyky ýer eýesi bolmak arzuwlarynyň haçan amala aşjakdygy barada zat aýdylmaýar.

Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolýan daýhanlaryň, ýerli synçylaryň sözlerine görä, daýhanlara berilýän pagta, galla planlary, ekiş we hasyl ýygnamak wagtlarynyň «ýokardan kesgitlenmegi», suw, dökün we tehnika garaşlylygy oba hojalygynda mejbury zähmetiň, şonuň bilen bir wagtda oba adamlarynyň garyplygynyň saklanyp galmagyna sebäp bolýar. Ikinji tarapdan, bu ýagdaýlar sowet döwründen gelýän artdyryp ýazmalary, parahorlugy güýçlendirýär.

Türkmenistandan Alternatiw habarlary çap edýän guramanyň ýazmagyna görä, geçen ýylda geçirilen gözegçilik ýurduň etraplarynda mejbury zähmet, korrupsiýa faktlarynyň az däldigini görkezýär.

Ýaşyrylýan para-peşgeş faktlary

Bu mesele Türkmenistanyň baş prokurory Hallyýewiň Ministrler kabinetinde beren hasabatynda hem gytaklaýyn tassyklanylýar.

Türkmen metbugatynyň habaryna görä, Lebap welaýatynda geçirilen derňewlerde düýpli kemçilikler ýüze çykarylypdyr we prezident bu ýagdaý sebäpli häkim Joraýewi işden boşatdy.

Şeýle-de baş prokuror «käbir ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we welaýat häkimlikleriniň aýry-aýry işgärleriniň parahorluk edýändikleri barada hasabat beripdir. Emma türkmen telewideniýesi baş prokuroryň getiren faktlaryny halka ýetirmekden, näme üçindir, saklanýar.

Muňa derek, adatça bolşy ýaly, prezident Berdimuhamedow parahorluga garşy göreşiň güýçlendirilmegini talap edipdir. «Ýolbaşçylyk edýän düzüminde parahorluk faktlary ýüze çykarylan ähli ýolbaşçylar» jogapkärçilige çekiler diýip, türkmen metbugaty prezidentiň sözlerini sitirleýär.

Ministrler kabinetiniň mejlisinde Lebap welaýatynyň häkiminden başga, işde goýberen kemçilikleri üçin diýlip, ýurduň zähmet ministri hem işden boşadyldy.

Gymmatlaýan durmuş we medeni çäreler

Ýurduň oba hojalygynda uly ösüşiň gazanylandygyny aýtsa-da, prezident geçen hepde etrap häkimleriniň hem ondan gowragyny işden boşatdy. Emma işden boşadylan resmileriň goýberdi diýilýän kemçilikleri barada, ýa-da olaryň soň jogapkärçilige çekilip-çekilmeýändigi barada türkmen metbugatynda ýeterlik maglumatlar berilmeýär.

Ýurduň bazarlarynda bolsa, 2015-nji ýylyň başyndan aýagyna çenli, oba hojalyk önümleriniň bahalarynyň ortaça 20 prosentden gowrak gymmatlandygy aýdylýar.

Şol bir wagtda prezident anna güni ýene bir gezek ýurduň döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleriniň işiniň hilini tankyt etdi. Emma Berdimuhamedowyň bu meseldäki tankydy ýene bir gezek ýurtda gazanylýandygy aýdylýan üstünlikleriň «ýeterlik beýan edilip bilinmezligi» bilen baglanyşdyryldy.

Şol bir wagtda, Ministrler kabinetinde getirilen sanlara görä, geçen ýylyň dowamynda Medeniýet ministrliginiň edaralary 45 müňden gowrak çäre geçiripdir.