Hila Sedighi, ozal Eýrandaky döwlet repressiýasyny tankytlan we prezidentlige oppozisiýa kandidaty üçin kampaniýa alyp baran meşhur şahyr ýurduna dolanyp gelende, häkimiýetler tarapyndan tussag edildi diýip, onuň garyndaşlary aýtdy.
Sedighi 7-nji ýanwarda, Tähranyň Ymam Homeneýi howa meýdanynda, Birleşen Arap Emirliklerinden dolanyp gelende tussag edildi diýip, şahyryň maşgalasy Azatlyk radiosynyň Pars gullugyna aýtdy.
Onuň tussag edilmeginiň sebäbi ýa-da bildirilýän aýyplamalar bada-bat aýan bolmady.
Bu habary aýdan maşgala agzalary, Eýranyň kanun guramalarynyň azar bermeginden gorkup, öz atlarynyň aýdylmazlygyny soradylar.
Bu 30 ýaşyndaky Sedighiniň ikinji gezek tussag edilişidir. Ol 2011-nji ýylyň maýynda Tähranyň Ewin türmesinde saklanypdy, emma soň girew astynda azat edilipdi.
Sedighi 2009-njy ýyldaky köpçülik protestleriniň gazaply basylyp ýatyrylmagy bilen bagly goşgulary üçin ýanalýandyr öýdülýär.