Türkmenistanda bir günde 12 häkim işden boşadyldy

Türkmenistanyň döwlet resmileri.

4-nji ýanwarda geçirilen wideogörnüşli iş maslahatynyň dowamynda öz wezipesinden boşadylan häkimler – welaýat, etrap we şäher derejesindäki ýolbaşçylardy.

Türkmenistanyň prezidentiniň karary bilen Ahal welaýatynyň “Ak bugdaý” etrabynyň häkimi Rejepgeldi Gurdow, Balkanabat şäheriniň häkimi Balkan Gulmämmedow, Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň häkimi Çaryýar Orazow, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň häkimi Maksat Mämmedow, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi Azat Bäşimow, Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň häkimi Azat Garlyýew, Lebap welaýatynyň Birata etrabynyň häkimi Çary Astanow, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkimi Serdar Akyýew, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň häkimi Öwezgeldi Jumagulyýew, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkimi Esenmyrat Esenow, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň häkimi Çary Geldiýew öz eýeleýän wezipelerinden boşadyldylar.

Maslahatda häkimleriň diňe ikisiniň “saglyk” sebäpli işden boşadylandygy, beýlekileriniň “özlerne ynanylan wezipe borçlaryny berjaý edip bilmändikleri” we “işde goýberen uly kemçilikleri” sebäpli işden çykarylandygy aýdyldy.

Güýç resmilerine käýinç

Bu iş maslahatynyň ertesi Türkmenistanyň prezidenti ýurduň güýç edaralarynyň birnäçe jogapkär ýolbaşçylaryna käýinç berdi.

Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň 5-nji ýanwarda geçirilen Maslahatynda ýurduň Milli howpsuzlyk ministri Güýçgeldi Hojaberdiýewe berk käýinç berildi.

Döwlet baştutanynyň nägileligine Sagdyn jemgyýeti goramak boýunça, ýagny öňki Neşä garşy göreş boýunça döwlet gullugynyň başlygy polkownik Atadurdy Osmanow hem sezewar boldy. Öňa berk käýinç berlip, harby derejesi podpolkownik derejesine çenli peseldildi we “kemçilikleri düzetmese”, wezipeden boşadyljakdygy duýduryldy.

Güýç edaralarynyň ýokary wezipeli resmileriniň wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmändigi we işde kemçilik goýberendikleri habar berilýär.

Türkmenistanyň prezidenti Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahatynda eden çykyşynda, hususan-da, ýurtda çilimkeşligi ýok etmek boýunça köpçülikleýin çäreleri güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň prezidenti geçen ýylyň dowamynda we şu ýylyň başynda eden çekyşlarynda 2015-nji ýylyň ýurt üçin amatly bolandygy ençeme gezek nygtapdy.

Prezident oba ýerlerini ösdürmek boýunça döwlet derejesinde alnyp barylýan işleriň gidişinden kanagatlanma bildiripdi we oba hojalygynda hem uly üstünlikleriň gazanylandygyny tekrarlapdy.

Prezidentiň çykyşlarynda geçen ýyl 1 million 50 müň tonna pagta, 1 million 400 müň tonna galla hasylynyň ýygnalandygy habar berildi. Mundan başga-da resmi maglumatlarda ozal daýhanlar bilen doly hasaplaşylyp, oba hojalyk önümlerini öndürijilere plandan artyk tabşyrylan pagta üçin adaty satyn alyş nyrhynyň üstüne 30% goşmaça töleg tölenendigi habar berildi.