Çoganly: Ýykgynçylyk dowam edýär

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Aşgabadyň Çoganly sebitinde ýaşaýyş jaýlary ýene bölekleýin ýykylýar. Häzirki wagtda bu sebitde azyndan alty jaýyň ýykylandygy we bu jaýlardan indi diňe harabaçylyk hem gurluşyk materiallaryndan ybarat zir-zibilleriň galandygyny görse bolýar. Ýerli ýaşaýjylaryň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, jaýlaryň ýykylmagynyň sebäpleri barada resmiler tarapyndan takyk düşündiriş berilmeýär.