Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň aýagynda geçiren hökümet maslahatynda, dünýä ykdysadyýetinde dörän kynçylyklar bilen baglylykda, ýurtda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini peseltmän saklamak üçin çäreleriň görlendigini aýtdy.
Ýylyň başyndan bolsa, Türkmenistanda aýlyklaryň, pensiýalaryň, stipendiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberiniň 10 prosent ýokarlandyrylandygy habar berildi.
Şol bir wagtda Türkmenistanda halkyň sarp edýän azyk önümleriniň geçen ýylyň başyndan aýagyna çenli ortaça 20-30 prosent möçberinde gymmatlandygy barada habarlar çykýar.
Azatlyk radiosy bu ýagdaý bilen gyzyklanyp, ýerli ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar