Somalide 3 adam öldürildi

Somaliniň polisiýasy 2-nji ýanwarda Mogadişuda bir janyndan geçen bombaçynyň gelim-gidimli restorana hüjüm edip, azyndan üç adamy öldürendigini aýdýar.

Hüjümçi bombaly guşagynyň üstünden penjek geýip, Mogadişunyň merkezindäki Oba restoranyna girip, özüni partladypdyr.

Polisiýa bu restoranyň prezident köşgüniň golaýynda ýerleşendigini aýtdy.

Hökümet resmileriniň, žurnalistleriň, iş adamlarynyň we ýönekeý raýatlaryň köp barýan ýeri bolan Oba restorany indi dördünji gezek nyşana alynýar.

Häzirlikçe bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.