Türkmen görnüşleri - 1-nji hepde
Aşgabadyň il içinde "Ors bazary" ady bilen tanalýan "Gülistan" söwda merkezi. Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda paýtagtyň bazarlarynda söwdanyň pes bolandygyny käbir telekeçiler aýdýarlar.
Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki Täze ýyl arçasy.
Aşgabadyň Oguzhan köçesi bilen Baba Annanow köçesiniň çatrygynda gurulýan köpri.
Aşgabadyň sökülip aýrylan "Piwo zawodynyň" yzy arassalanýar. Aşgabadyň taryhy desgalarynyň biri hasaplanýan bu zawod awgust aýynda sökülipdi.
Aşgabadyň "Andalyp" köçesiniň ugrunda uly ýoluň üstünden geçmek üçin niýetlenen pyýadalaryň köprüsi gurulýar.
Aşgabadyň duralgalarynyň birinde oýunjak ulagyny oýnaýan oglanjyk.