Owgan senatory TOPH-a şübheli garaýar

Owganystanda TOPH proýektini goldap ýygnaklar geçirilýär.

Owganystanyň Milli Mejlisiniň ýokary palatasy ýurduň dag-magdanlary we nebit-gaz boýunça ministrini Mejlise çagyrdy. Şol çäräniň dowamynda senatorlar ministre Türkmenistan, Owganystan, Pakistan we Hindistan (TOPH) gaz geçiriji proýekti bilen baglanyşykly soraglary berdiler.

Owganystanyň dag-magdanlary we nebit-gaz boýunça ministri Dawut Şasaba TOPH proýektiniň gurluşygyna Owganystanda hem ýakynda başlanjakdygyny aýtdy. Şol bir wgatyň özünde käbir owgan senatorlary ýurtdaky howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli TOPH proýektiniň amala aşmagyna şübheli garaýarlar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy Şaýymerdanguly Myradynyň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Owgan senatory TOPH-a şübheli garaýar