Fransuz žurnalisti Hytaýdan kowulýar

Hytaýdaky uýgur azlygy

Hytaý häkimiýetleri musulman uýgur azlygyna çemeleşilişini tankytlan fransuz žurnalistiniň 31-nji dekabra çenli ýurdy terk etmelidigini aýtdylar.

Bu habary žurnalistiň işleýän hepdeligi «L’Obs» 25-nji dekabrda ýaýratdy. Žurnalyň Pekindäki habarçysy Ursula Gausiýer (Ursula Gauthier) günbatar habar gulluklaryna Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň özünden çap eden habaryny yzyna almagy hem-de ötünç soramagy talap edendiklerini aýtdy.

Onuň makalasynda Hytaýyň Pariždäki hüjümleri uýgur halkyny basyp ýatyrmagy esaslandyrmak üçin ulanýandygy aýdylýar.

Bu makala Pekin tarapyndan we döwlet eýeçiligindäki mediada uly ýazgaryşa sebäp boldy.