Aýlyklary 'pul ýetmezçiligi' bökdeýär

Tagtabazar, etrap bankyndaky nobat

Türkmenistanda aýlyklaryň uly baýramçylyklara gabat biraz öňünden berilmek düzgüniniň bardygy aýdylýar, emma ýurtdaky nagt pul gytçylygy bu düzgüni puja çykarýana çalym edýär.

Aşgabatda gelip gowşan habarlara görä, býujet edaralarynyň işgärleri aýlyklaryny, studentler bolsa stipendiýalaryny almakda kynçylyk çekýärler, ýagny olar öz bank hasaplaryna, plastiki kartlaryna geçiren pullardan peýdalanyp bilmeýärler.

Azatlyk radiosy Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda emele gelen kyn ýagdaýyň sebäpleri bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Aýlyklary 'pul ýetmezçiligi' bökdeýär