'YD-dan' gaçyp, Moskwa baran täjigiň näbelli ykbaly

24 ýaşyndaky Abdusami.

Abdusami özüniň gurluşykda işlemek wadasy bilen Türkiýä gidendigini, ol ýerden Siriýa çekilendigini aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, öz watany Täjigistandan Orsýete, Türkiýä, Siriýa aşmak uzaga çekmändir. Ol ondan soň hem jeňçileriň ýa-da "Yslam döwleti" atly ekstremistik topary jeňçiler bilen üpjün edýän dellallaryň elinden sypyp, Moskwa gelipdir.

Oňa indi iki ýakymsyz ykbal garaşýar. Ol ýa tutulyp, Täjigistana iberilmeli ýa-da özüni Siriýa çeken adamlar tarapyndan beriljek jeza garaşmaly. Abdusami "Yslam döwleti" toparynyň jeňçilerine goşulanlykda güman edilip, Täjigistanda gözlenýär.

"Bu adamyň eden hiç hili nädogry işi ýok. Ol etmedik zady üçin näme diýip türmä gitmeli" diýip, Moskwanyň bir naharhanasynda Ahdusaminiň ýanynda oturan aýaly aýdýar.

“Güýçli görelde”

Adam hukuklary boýunça adwokatlar munuň üçin bir mümkin çykalga bar diýýärler. Merkezi Moskwada ýerleşýän "Memorial" hukuk toparynyň aktiwisti we migrantlary goldaýan "Kömek" atly guramanyň başlygy Bahrom Hamroýew Abdusamä başyndan geçenleri Orsýetiň prokurorlaryna aýdyp, olardan özüniň bigünädigini subut etmeklerini haýyş etmegi maslahat berýär.

Hamroýew bu şular ýaly işlerde beýlekilere bir güýçli görelde bolar diýýär.

"Men bu ýaş ýigidiň işine seretdim. Ony, dogrudanam, aldapdyrlar. Oňa sen işlemäge barýarsyň diýipdirler. Ol şeýdip uruşly zona düşüpdir. Bu bir gaty möhüm wagt. Jemgyýet, adamlar eşider ýaly, bu barada indi aýdylmagyny isleýär" diýip, Hamroýew gürrüň berýär.

Ýöne bu hem bir töwekgelçilikli iş. Orsýet bilen Täjigistanyň arasynda ekstradisiýa boýunça resmi şertnama bar. Şeýle hem ozal Orsýet tarapyndan Täjigistana tabşyrylan täjikler-de ýok däl.

“Ençeme adam bar”

Abdusami Siriýa-Türkiýe serhedinden gaçaly bäri, özüni Siriýa çeken adamlardan ençeme gezek haýbatly habar gowşandygyny aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, Täjigistandaky derňewçiler-de ony ele saljak bolup, doganyny tutup, türmede ýenjipdirler.

Orsýetiň Hamroýew ýaly adam hukuklaryny goraýan aktiwistleri "Yslam döwleti" toparynyň hatarynda köpsanly orta aziýalylaryň bardygyny aýdýarlar. Ýöne bu adamlar, jeňçilere goşulandyklary üçin öz ýurtlarynda kanun taýdan yzarlanmakdan gorkup, gaçmaga synanyşanoklar.

"Ol ýerde köp adam bar. Olar maňa, seret, biziň-de ýagdaýymyz seniňki ýaly. Yzymyza dolansak, Täjigistanda bu işi edendigimiz üçin tutularys diýdiler" diýip, Abdusami aýdýar.

Täjik häkimiýetleri 2014-njy ýylyň ortalarynda "Yslam döwleti" atly topar Siriýada we Yrakda köp regionlary basyp alaly bäri bu garyp, ilaty esasan musulmanlardan durýan ýurtdan ýüzlerçe adamynyň jeňçilere goşulmak üçin Orta Gündogara gidendigini aýdýarlar.