Ýolöteni 'ýolýan' demir ýol

Bir zamanlar Ýolöten şäheriniň bir gyrasyndan geçen demir ýol indi, töweregindäki jaýlaryň köpelmegi, ilatyň gürelmegi, awtoulag we pyýada gatnawynyň artmagy bilen, şäher ilaty üçin käbir amatsyzlyklary döredýär.

Ýurt içinden gelýän maglumatlara görä, bu demir ýoluň 4-5 ýüz metrliginde ýerleşýän jaýlar bilen bilelikde, oňa juda golaý, 20, käte bolsa 5-6 mert golaý aralykda ýerleşýän binalaryň hem bardygy aýdylýar.

Mundanam başga, demir ýoluň we otly gatnawynyň şäheriň ortasyndan geçýändigine garamazdan, onuň döredýän goh-galmagalyny nazara almanyň-da hem, adamlar, ulaglar üçin howpsuzlyk kadalaryny üpjün edýän geçelgeleriň hem ýeterlik däldigi aýdylýar.

Azatlyk radiosy bu ýagdaý bilen gyzyklanyp, golaýda Ýolötende bolup gelen žurnalist Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Ýolöteni 'ýolýan' demir ýol