Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň liderleri 13-nji dekabrda bahasy 10 milliard dollarlyk gaz geçiriji proýektiniň gurluşygynyň düýbüni tutdular. Taraplar gazgeçirijiniň Günorta Aziýanyň energiýa bolan talabyny ödemegine we durnuksyz regionda dartgynlylygy gowşatmagyna garaşýarlar.
Mary welaýatynda Garagum çölünde TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygynyň düýbüni tutmak boýunça geçirilen dabara Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly
Berdymuhamedow we Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani gatnaşdylar.
Şeýle-de dabara Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif we Hindistanyň wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansari gatnaşdylar.
Owganystanyň Hyrat-Kandagar gara ýolunyň ugrundan geçirilip, Pakistanyň Kwetta we Multan şäheriniň üstünden Pakistanyň Hindistan bilen serhedindäki Fazilka şäherine çekiljek uzynlygy 1735 kilometrlik TOPH gazgeçirijisi arkaly ýylda 33 milliard kubometr gazy akdyrmak göz öňünde tutulýar.
Gazgeçiriji Galkynyş (Günorta Ýolöten-Osman) gaz ýatagyndan başlanýar.
Owganystan, Hindistan we Pakistan öz aralaryndaky dartgynlylyga garamazdan tebigy gazgeçiriji proýektiniň tarapynda çykyş etdiler.