Üsti tentli ulaglar we 'çäklendirmeler'

Soňky hepdelerde Aşgabadyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan üsti tentli ýük ulaglaryň saklanylýandygy habar berilýär.

Maglumata görä, sürüjilerden üsti tentli ulaglary sürmek üçin niýetlenen ýörite resminama talap edilýär.

Käbir sürüjiler şeýle resminamanyň öň hem talap edilýändigini aýdýarlar. Emma olaryň sözlerine görä, soňky hepdelerde bu talap has-da güýçlenipdir.

Şol bir wagtyň özünde bu talabyň näme sebäpden edil häzirki günlerde güýçlenendigi barada takyk maglumatyň berilmeýändigi aýdylýar.

Häzirki wagtda resminamasy bolmadyk käbir sürüjileriň öz ýük ulaglarynyň üstündäki tenti aýryp, işlerini dwoam etdirýändigi habar berilýär.