ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri NATO-nyň beýleki agzalarynyň “Yslam döwleti” toparyna garşy göreş ugrunda has köp çäre görmäge isleg bildirendiklerini aýtdy.
Kerri bu çykyşyny 2-nji dekabrda Brusselde NATO-nyň daşary işler ministrleriniň iki günlük maslahat geçirýän wagtynda etdi.
Germaniýa ýaňy-ýakynda Ýakyn Gündogara söweşiji roly bolmadyk ýardam üçin güýç we serişde ibermegi makullady.
Britaniýanyň Siriýada “YD” toparyna garşy howa hüjümlerini ýaýbaňlandyrmagy barada 2-nji dekabrda ses berişligiň geçirilmegine garaşylýar.
Jon Kerri beýleki ýurtlaryň hem öz planlaryny öňe sürmegine garaşylýandygyny aýtdy.