Türkmen gelni Aşgabatdan haraý gözleýär

Türkmen-özbek serhedi, 2012.

1972-nji ýylda Türkmenistanda doglan, Özbegistanda kemala gelen we Türkmenistanda durmuş guran Muhabet Işangulyýewa, türkmen häkimiýetleri özüni gyzy bilen ýurtdan çykaranlaryndan soň, on ýyldan gowrak aýralykda ýaşaýandygyny aýdýar.

Muhabet türkmenistanly türkmendigini, ejesi we kakasy bilen Özbegistana göçüp, şol ýerde mekdebi gutarandygyny we pasport almaly bolandygyny, emma ähli garyndaşlarynyň Türkmenistanda ýaşaýandygyny gürrüň berýär.

Ol 2000-nji ýylda Türkmenbatda, türkmen raýaty Serdar Baltaýew bilen durmuş gurupdyr. 2002-nji ýylda olaryň ilkinji çagasy dünýä inýär. Emma 2003-nji ýylda ony, adamsyndan zor bilen aýryp, bir ýaşly gyzy bilen, göwreli halyna, Türkmenistandan deportasiýa edýärler.

Muhabet ejesine hem Türkmenistanda ýogalan ejesiniň ýerine barmaga rugsat berilmeýändigini gürrüň berýär.

Türkmen metbugaty ýurtda kanunçylygyň kämilleşdirilýändigini, türkmen kanunlaryny halkara ölçeglerine golaýlatmak üçin uly işleriň edilýändigini habar berýär. Şol bir wagtda, Türkmenistanda daşary ýurtlardan gelen adamlaryň hem müňlerçesine raýatlyk berilýändigi barada habarlar çykýar.

Emma Muhabet özlerine bu «kämilleşdirilen kanunlardan» peýda bolmandygyny, iki bölünen maşgalany gaýtadan bir-birine gowşurmak üçin hiç bir çäre ýa alaç taPmaýandyklaryny aýdýar.

Netijede, türkmen gelni özüniň türkmen atadan bolan çagalarynyň indi dört ýyl bäri kakalaryny görüp bilmeýändigini, görseler – tanamazlyklarynyň hem ahmaldygyny aýdýar.

Eger biraz yza çekilsek, Türkmenistanda häkimiýet çalşyp, türkmen-özbek gatnaşyklary Nyýazow döwründäkiden gowulaşyp başlanda, serhediň iki gapdalynda galan dogan-garyndaşlaryň gatnaşygynda dörän kynçylyklar azalar, Türkmenistana gelin bolup düşüp, pasport almakda kynçylyk çekýän gelinler, olaryň çagalary gaýgy-aladasyz ýaşap başlar diýip umyt edilipdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2011-nji ýylyň maýynda Özbegistana sapar edende, Özbegistanda ýaşaýan türkmenleriň käbiri Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolup, serhediň iki gyrasynda galan garyndaşlaryň, iki bölünen maşgalalaryň kadaly gatnaşyklarynyň dikeldilmegine umyt baglapdy.

2003-nji ýyldan bäri Türkmenistanda galan adamsyndan, gaýynlaryndan aýralykda ýaşaýan Muhabet, meseläniň kanun esasynda çözülmezligi zerarly, käbir adamlaryň çölüň içinden, bikanun serhetden geçip, çaglary atalaryna gowşurmaga synanyşmagy hem maslahat berendigini aýdýar.

Emma ol bu töwekgelçilikli ýola baş goşman, türkmen häkimiýetleriniň özi ýaly eneleriň sesini eşitmegine, arzyny diňlemegine we meseläni mundan beter gijikdirmän çözmegine umyt baglamagy dogry tapypdyr.