NATO-nyň daşary işler ministrleri Çernogoriýany harby bileleşige çagyrmak barada ylalaşdylar.
Çernogoriýanyň wise-premýeri Igor Luksiç NATO-nyň çakylygynyň “Günbatar Balkanlar üçin pozitiw signaldygyny” aýtdy.
Adriatik deňzi regionynyň 600 müň ilatly ýurdy Çernogoriýa 2017-nji ýylda NATO-nyň 29-njy ýurdy bolar.
2009-njy ýylda NATO-nyň düzümine Albaniýa we Horwatiýa giripdi.
NATO-nyň ýaýbaňlanmagyna garşy çykyş edýän Orsýet Çernogoriýanyň harby bileleşige goşulyşmagyna prowokasiýa hökmünde seretjekdigini aýtdy.
Orsýet Çernogoriýanyň NATO goşulan ýagdaýynda, bu ýurt bilen bilelikdäki proýektleri ýatyrjagyny duýdurdy.