Dünýäde 36.9 million adamda HIV bar

SPID-e garşy halkara göreş gününi bellemek boýunça geçirilen çäre, Hindistan, 1-nji dekabr, 2015

Häzir dünýäde 36.9 million çemesi adamda HIV infeksiýasy bar, olardan 2.6 milliony çagalar.

Bu barada BMG-niň Bütindünýä saglyk guramasynyň, UNICEF we UNAIDS guramalarynyň 1-nji dekabrda bellenýän AIDS keseline, ýagny SPID-e garşy halkara gününiň öňýanynda çap eden maglumatlarynda aýdylýar.

UNAIDS guramasynyň hasabatyna görä, 2014-nji ýylda kesel ýene iki million adama ýokuşypdyr.

HIV/AIDS-den jemi 34 million adam ýogalypdyr we diňe 2014-nji ýylda keselden 1.2 million adam ölüpdir.

AIDS-den ölýän ýaşlaryň sany soňky 15 ýylda üç esse artypdyr. AIDS ýaşlaryň ölümine getirýän sebäpleriň arasynda Afrikada birinji ýerde, tutuş dünýäde ikinji ýerde durýar.

Regiondaky ýagdaý

Merkezi Aziýada HIV wirusy ýokaşan adamlaryň sany 2000-nji we 2014-nji ýyllaryň aralygynda 30% artyp, 100 müň adamdan 140 müň adama ýetipdir. HIV/AIDS bilen bagly ölümleriň sany üç esseden köp ýokarlanypdyr.

Bütindünýä saglyk gurmasynyň 26-njy noýabrda çap eden maglumatynda bellenmegine görä, Ýewropada soňky ýylda HIV infeksiýasy ýokaşan adamlaryň sany 1980-nji ýylda HIV/AIDS bilen kesellänler hasaba alnyp başlaly bäri iň iň ýokary derejä ýetipdir. Bu sanyň artmagynyň esasan adaty jynsy gatnaşyklar bilen bagly bolýandygy, emma neşeli sanjymlar arkaly geçmeginiň hem köp bolup galýandygy aýdylýar.

Şeýle-de, bellenişine görä, Ýewropada erkekleriň arasyndaky jynsy gatnaşyklar keselçiligiň ýokaşmagynyň esasy ýollarynyň biri bolup durýar.

Nädip göreşmeli

Halkara guramalary, şol sanda Bütindünýä saglyk guramasy öňüni alyş çäreleriň netijeliligini, keselçiligi anyklamak we bejermek boýunça çäreleri güýçlendirmäge çagyrýarlar.

UNAIDS guramasynyň hasabatynda 2015-nji ýylyň başynda 15 million adamyň retrowirusa garşy bejeriş alandygy, deňeşdirme üçin, 2001-nji ýylda bejeriş alanlaryň sanynyň 1 million adam bolandygy aýdylýar.

HIV infeksiýasyna garşy global derejede berlen jogabyň 2000-nji ýyldan bäri wirusyň 30 million adama ýokuşmagynyň öňüni alandygy we 8 million çemesi adamy ölümden alyp galandygy bellenýär.

Şeýle-de 2030-njy ýyla çenli AIDS epidemiýasynyň öňüni almak üçin 2020-nji ýyla çenli tiz öňegidişlik gazanmagyň zerurdygy aýdylyp, ýurtlaryň keselçiligi ýok etmek tapgyryna ýetmegi üçin esasy öňüni alyş profilaktiki çäreleriň we HIV-e garşy bejeriş usullarynyň has güýçli depginde ulanylmagynyň ähmiýeti bellenýär.

Türkmenistan

Türkmenistan UNAIDS guramasynyň hasabatynda HIV/AIDS bilen bagly ýagdaý barada düýpden maglumat berilmedik az sanly ýurtlaryň biri.

Türkmenistanda HIV/AIDS bilen bagly ýagdaý barada Türkmenistanyň hökümetiniň saglygy saklaýyş boýunça informasion merkeziniň resmi websaýtynda hem hiç hili maglumat berilmändir.