Obama: ABŞ öz üstüne düşýän jogapkärçiligi paýlaşýar

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama. 30-njy noýabr, 2015 ý. Pariž, Fransiýa.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Parižde klimat boýunça möhüm sammitde çykyş edip, dünýäniň 150 liderine “şu pursada” üns berilmelidigini hem-de özleriniň klimatyň üýtgemegi bilen bagly meselede halklaryň jogapkärçilik duýgusyny paýlaşýandygyny görkezmelidigini nygtady.

30-njy noýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň konferensiýasynda çykyş eden Obama dünýä liderleri uly maksatlary öz içine alýan we “maksatlary yzygiderli täzelenip durýan” klimat ylalaşygyny döretmelidirler diýdi.

Obama Birleşen Ştatlar dünýäniň atmosfera iň köp kömürturşy gazyny bölüp çykarýan ikinji ýurdy hökmünde klimatyň üýtgemegi boýunça öz üstüne düşýän jogapkärçiligi paýlaşýar diýdi. Ýer togalagynda global maýlamanyň güýçlenmegine kömürturşy gazynyň sebäp bolýandygy aýdylýar.

Ähmiýetli duşuşyk

Şol bir wagtda Obama Birleşen Ştatlar klimatyň üýtgemeginiň täsir ýetiren ýurtlaryna ýardam bermek maksady bilen käbir ýurtlara täze maliýe serişdelerini goýberer diýdi.

30-njy noýabrda ir bilen Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland Parižde klimat boýunça möhüm sammiti açyp, dünýäniň 150 liderini klimat boýunça berk ylalaşygy döretmäge çagyrdy.

Sammitde Holland klimat boýunça halkara duşuşygynyň ähmiýetiniň mundan öň şeýle uly bolan gezeginiň ýokdugyny belledi.

Bu aralykda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-Moon sammite gatnaşýanlara ýüzlenip, howanyň global derejede maýlamagynyň depginini selsiý görkezijisi boýunça iki gradus derejesinde saklamak maksadyna ýetmek üçin “has tiz” we “has tutumly” hereket etmelidigini belledi.

Optimistik garaýyşlar

BMG-niň konferensiýasynda howanyň maýlamagyna sebäp bolýandygy aýdylýan kömürturşy gazlarynyň bölünip çykarylmagyny çäklendirmek boýunça 196 ýurduň arasynda ylalaşyga gelinmegi maksat edinilýär.

Konferensiýa, şu aýyň başynda Fransiýanyň paýtagty Parižde bolan ýowuz terrorçylykly hüjümden soň, 30-njy noýabr we 11-nji dekabr aralygynda berk howpsuzlyk çäreleriniň berjaý edilmeginde geçirilýär.

Konferensiýa gatnaşýan 147 ýurduň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň arasynda Birleşen Ştatlaryň, Hytaýyň we Orsýetiň prezidentleri we Hindistanyň premýer-ministri bar. Bu duşuşygyň dowamynda klimatyň üýtgemegi boýunça ylalaşyga gelinjekdigi dogrusynda oňaýly pikirler artýar.

“Men biziň gazanyp biljek zatlarymyz babatynda örän optimistik garaýyşda. Sebäbi men soňky ýedi ýylyň dowamynda Amerikanyň ajaýyp ädimler ädendigini görýärin” diýip, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Waşingtondan Pariže ugran mahaly, Facebook sosial ulgamynda çap eden maglumatynda aýtdy.

30-njy noýabrda konferensiýa gatnaşýan liderleriň global maýlama garşy göreşi güýçlendirmek boýunça birnäçe möhüm bildirişleri mälim etmegine garaşylýar.