Birleşen Ştatlaryň Kolorada Spirings şäherinde, Planlaşdyrylan ene-atalyk klinikasynda bolan atyşykda üç adam, şol sanda polisiýa ofiseri öldürildi.
Güman edilýän ýaragly adam tussag edildi.
Gabaw mahalynda 9 adam ýaralandy. Polisiýa departamentiniň sözçüsi Ketrin Bakli ofiserler bina baryp girenlerinden soň ýaragly adamy yrmagy başardylar diýdi.
Onuň şahsyýeti we motiwleri aýdyň bolman galýar.