Ponomarew: Hökümet tussaglaryň ykbalyny belli etmeli

“Memorial” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça programmasynyň müdiri Witaliý Ponomarew

2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň hökümeti prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşygyň bolandygyny yglan etdi we oppozisiýany aýyplady. Bir aýa golaý wagtyň dowamynda ençeme adam tussag edildi, wakany gurnamakda aýyplanan onlarça adama iş kesldi. Şondan 13 ýylyň geçmegi bilen köpüsiniň ykbaly nämälim galýar. Türkmenistanyň türmelerinde dereksiz ýiten adamlaryň ykbalyny belli etmegi talap edip çykyş edýän “Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýasy ýitirim bolanlaryň sanawynyň wagt geçdigiçe artýandygyny aýdýar.

Kampaniýanyň guramaçylarynyň biri Moskwada ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy “Memorial” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça programmasynyň müdiri Witaliý Ponomarew sanawa täze atlaryň goşulýandygyny, emma käbir atlaryň öçürilýändigini hem Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Türkmen türmelerinde dereksiz ýiten adamlaryň sanawy barha artýar. Bu sanawa kimler girýär?

Witaliý Ponomarew: Oňa 100-e golaý adam girýär. Bu sanawda 2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakalary bilen bagly tussag edilenler, göni aýyplananlaryň we gytaklaýyn aýyplamalar esasynda tussag edilenleriň atlary hem bar. Başga aýyplamalaryň esasynda tussag edilensoň, ykbaly nämälim bolup galýan adamlar hem bar. Sanawa öňki ýokary derejeli resmiler we Türkmenistana dolanyp baransoň, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen syýasy emigrant Gulgeldi Annanyýazow hem girýär.

Sanawda ady görkezilen adamlaryň köpüsi Nyýazowyň häkimiýet başynda bolan döwründe türmä düşüpdi, emma häzirki prezidentiň häkimiýeti astynda türmä düşenler hem bar. Elbetde, dereksiz ýitenleriň sany biziň sanawymyzda görkezenlerimiz bilen çäklenmeýär, biziň deslapky maglumatlarymyza görä, olar has köp. Biz öz sanawymyzy ýagdaýlaryň üýtgemegine görä, täzeläp durýarys.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň türmelerinde dereksiz ýiten diýlip görkezilen tussaglardan siziň sanawyňyzdan haýsy-da bolsa bir sebäbe görä ady öçürilenler barmy?

Witaliý Ponomarew: Biraz mundan öň türkmen häkimiýetleri günbatar diplomatlaryna 50 adamdan ybarat sanawy gowşurypdyr we türkmen hökümetiniň halkara tankytlaryny hasaba alýandygyny mälim edipdir. Bu sanaw biz üçin elýeterli bolmasa-da, günbatar resmileri bilen gepleşemizde türkmen häkimiýetleriniň beren sanawyndan iki adamynyň adynyň biziň sanawymyzda hem bardygy belli boldy. Olar 2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakalaryna diňe gytaklaýyn gatnaşandygy aýdylan adamlardy. Türkmen häkimiýetleri bu adamlaryň azat edilendigini aýdypdyr.

Azatlyk Radiosy: Käbir maglumatlarda 2002-nji ýylyň noýabr wakalary bilen baglanyşykly tussag edilenlerden ençemesiniň tussaglykda ölendigi aýdylýar. Käbir atlar hem agzalýar. Siz bu meselede takyk bir maglumat berip bilermisiňiz?

Witaliý Ponomarew: Türmede ölenler barada aýdylanda, türkmen häkimiýetleri munuň daşyndan doly sowlup geçýärler. Emma bizde aýratyn sanawda görkezilen tussaglaryň onlarçasynyň suduň karary çykandan soň ölendigi barada resmi bolmadyk maglumatlar bar. Käbirleri gysga wagtyň içinde, beýlekileri birnäçe ýyldan soň aradan çykypdyrlar. Ölenleriň jesetleri başda garyndaşlaryna berilmeýärdi, hatda olaryň ölendigi habar hem berilmeýärdi. Häzirki wagtda käbir halatlarda tussaglaryň garyndaşlaryna ölenleriň jesetlerini almak başardýar. Emma jaýlaýyş çäresi ýörite gulluklaryň örän berk gözegçiliginde geçirilýär, merhumlary gyssagly jaýlamak tabşyrylýar.

Azatlyk Radiosy: Ölenleriň atlaryny agzap bilermisiňiz?

Witaliý Ponomarew: Käbir tussaglar babatynda dürli çeşmeler birmeňzeş maglumat berýärler, beýlekiler barada gapma-garşylyklar ýüze çykýar. Käbir halatlarda ölendigi aýdylýan adamyň diridigi belli bolýar. Şonuň üçin biz öz iş sanawlarymyzy çap etmekden saklanýarys. Biz türkmen häkimiýetleri bu maglumaty resmi taýdan yglan etmeli we myş-myşlaryň ýaýramagyna sebäp bolýan näbelliligiň soňuna çykmaly diýip pikir edýäris.