Öňki sowet ýurtlaryndaky häzirki pensiýalar

Aşgabadyň köçeleriniň birinde gök-bakja önümlerini satýan ene.

Türkmenistanda pensiýalar ýaşaýyş üçin gerekli minimumdan, ýagny iň pes derejeden-de pesde. Estoniýada bolsa adamlara ozalky SSSR-iň çäklerindäki iň ýokary pensiýa berilýär. Ol ýurtda pensiýalaryň ortaça derejesi 328 ýewro, ýagny 352 dollara barabar.

"Nastoýaşeýe wremýa" (“Häzirki wagt”) metbugat merkezi postsowet ýurtlarynda pensiýa alýanlaryň nähili ýaşaýandygy barasynda infografiki tablisa taýýarlady.​

Infografikadan görnüşine görä, Gürjüstanyň erkekleri postsowet ýurtlarynda pensiýa iň giç çykýanlardyr. Bu ýurtda erkekler 65 ýaşda pensiýa çykýarlar. Aýallaryň iň giç pensiýa çykýan ýurdy bolsa Latwiýadyr. Latwiýada aýallar 61 ýaşdan pensiýa çykyp bilýärler.

Türkmenistanda adamlaryň ortaça ömri 61 ýyl bolsa-da, hökümet olaryň diňe 62 ýaşynda pensiýa çykmagyna rugsat berýär. Netijede, eger ortaça görkezijilerden çen tutulsa, onda türkmen erkekleri pensiýa ýaşyna ýetip bilmän ölýärler. Galyberse-de, adamlara iň pes pensiýalaryň bellenen ýurdy hem Türkmenistandyr. Türkmenistanda pensiýanyň möçberi 105 türkmen manadyna, ýagny 37 dollara deň. Munuň bolsa güzeran üçin zerur bolan minimumdan, ýagny ýaşaýyş üçin gerekli iň az girdejiden hem birnäçe esse azdygy bellenilýär.

Merkezi Aziýanyň iň ýokary pensiýasy

Merkezi Aziýa sebitiniň iň ýokary pensiýasyny Gazagystanyň pensionerleri alýarlar. Gazagystanda ortaça pensiýa 50,5 müň teňňä barabardyr. Muny dollara geçirseň, 164 dollar bolýar. Bu san Russiýadaky ortaça pensiýanyň möçberinden bary-ýogy 3 dollar az bolýar.

Pensiýa ýaşyna ýetenden soň iň köp ýaşaýanlar belarus zenanlary hasap edilýär. Ortaça hasaba görä, belarusly aýallar pensiýa çykanlaryndan soň ýene 23 ýyl ýaşaýarlar. Ol ýurtda ýaşaýan aýallaryň ortaça ömri 78 ýyl. Bu bolsa ozalky SSSR ýurtlaryndaky iň ýokary görkezijidir.

Ukrainanyň hökümeti geçen ýyl Orsýetiň basyp alan Krym ýarymadasy bilen, orsýetparaz jeňçileriň Ukrainadan bölüp alan Donetsk we Lugansk "Halk respublikalarynda" ýaşaýan ilata pensiýadyr sosial tölegleriň tölenmegini täzeden ýola goýdy. Şol sebitlerde ýaşaýan ozalky pensionerler ukrain hökümetinden öz pensiýalaryny almak üçin, agzalan "respublikalaryň" çäginden daşary çykmaly bolýarlar. Onsoň bu ýagdaýa "pensiýa turizmi" diýip at berýänler hem bar.

Kiýewiň gözegçiligindäki ýerlerde ýaşaýan pensionerleriň alýan pensiýalarynyň ortaça möçberi 1581 griwin ýa-da 69 dollardyr.

Orsýet

Nebitiň gymmatynyň birden çakdanaşa pese gaçmagynyň Orsýetiň býujetine ýaramaz täsir edendigi zerarly, Orsýetde häzirki wagtda hökümet pensionerlere öz pensiýalarynyň häzirki möçberi bilen oňuşmaklaryny maslahat berýär we, üssesine-de, bu ýurtda pensiýa ýaşyny ýokarlandyrmak boýunça maslahatlar geçirilýär.

Eger bu ugurda geçirilýän maslahatlar bir netije beräýse, onda Orsýet ozalky SSSR-iň territoriýasynda kesgitlenen iň ýokary pensiýa ýaşy bilen rekord goýan ýurt bolar.

Resmi maglumata görä, 2015-nji ýylyň 1-nji aprelinde Azerbaýjanda uzak ýyllyk zähmetden soň iş pensiýasyny alýan adamlaryň sany 1 292 040-a ýetipdir. Iş pensiýalarynyň möçberi hem 2015-nji ýylyň 1-nji aprelinde 174,4 azerbaýjan manady (166 amerikan dollar) derejesinde kesgitlenipdir.

Häzirki ýagdaýda, ýaşa görä iş pensiýasynyň ortaça derejesi 193,9 azerbaýjan manadyna (185 amerikan dollar)deň. Wezipä görä iş pensiýasynyň möçberi hem 149,6 manat (142 amerikan dollary) . Azerbajýanda maşgalabaşy aradan çykan ýagdaýynda yzynda galan maşgalasyna berilýän pensiýanyň möçberi 131,2 manat (125 amerikan dollar) diýlip görkezilýär.