Kawkazda 11 söweşiji öldürildi

Rus resmileri demirgazyk Kawkaz sebitinde geçirilen ýörite operasiýa mahalynda YD bilen ilteşikli 11 söweşijiniň öldürilendigini aýdýarlar.

"Deslapky maglumata görä, 11 garakçy öldürildi» diýip, Orsýetiň milli anti-terror komitetiniň 22-nji noýabrdaky beýanatynda aýdylýar.

«Olaryň hemmesi YD-a kasam eden ýaragly toparyň agzasy» diýip, beýanatda aýdylýar.

Anti-terror komitetiň aýtmagyna görä, ol söweşijiler Nalçigiň daş ýüzünde bir tokaýlyga gabalanlarynda soň, kanun goraýjy ofiserleri oka tutupdyrlar we granat zyňypdyrlar.