"Eýesiz" boş jaýlar
Türkmenabat şäheriniň ”dört ýol” diýlip tanalýan ýolunyň ugrundaky täze gurlan ýaşaýyş jaýlar, uzakdan göreniňde, meniňki bolsun diýdirýär.
Emma olar haýsy maksat bilen gurlan hem bolsa, gurlanyna bir ýyl geçse-de, henizem ulanyşa berlenok.
Göräýmäge, jaýlar ulanyşa taýýar, jaýlaryň daş töwereginde täze yşyklandyryş sütünleri dikilip, jaýlaryň howlusynda bolsa çagalar üçin ýörite oýun meýdançalary oňarylypdyr.
Göräýmäne, ähli amatlyklary bolan we bir ýyl mundan öň açylyş dabarasy bolan bu jaýlaryň näme sebäpden häzire deňeç ilata paýlanmandygyny anyklamak başartmady.
Emma şol jaýlaryň boş durmagy, olaryň daş-töweregine edilýän gözegçiligiň hem ünsden düşürilmegine sebäp bolýar. Meselem, eýýam käbir yşyklandyryş sütünleriniň çyralary döwlüp, jaýlarda oturdylan split sistemalary hem sökülip aýrylypdyr.