Türkmenistanyň walýuta bazaryndaky durnuksyzlyk geçen ýylyň güýzünde bäri dowam edýär. 2008-nji ýyldan bäri amerikan dollaryna gatnaşygyny bir derejede saklan türkmen manadynyň öz hümmetini ýitirjekdigi barada resmi bolmadyk çaklamalar ilkinji gezek 2014-nji ýylyň noýabr aýynda peýda bolupdy.
Türkmen resmileri ýurduň maliýe pudagynda dörän durnuksyzlykda birnäçe kiçi wezipeli bank işgärlerini we ýönekeý raýatlary günäläp, tussag edipdi we manadyň kursunyň üýtgemejegini yglan edipdi. Muňa garamazdan 1-nji ýanwardan başlap türkmen manadynyň bir amerikan dollaryna resmi gatnaşyk derejesi 2.85 manatdan 3.5 manada galdyryldy.
Türkmenistanda soňky aýlarda daşary ýurt pullaryny satyn almak boýunça girizilen resmi çäklendirmeleriň, dollar satyn almak üçin döreýän uly nobatlaryň yzýany ýene-de geçen ýylkysy ýaly kiçi wezipeli bank işgärleriniň we ýönekeý raýatlaryň tussag edilmegi nämeden habar berýär?
Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki ýolbaşçysy Hudaýberdi Orazow bilen söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar