TOPH-yň gurluşygy başlanýar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 6-nji noýabrda TOPH, Türkmenistan-Owganystana-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň içinden geçýän böleginiň gurluşygyna başlamak baradaky karara gol çekdi.

Bu iş, şeýle-de geçirijiniň kömekçi ýerüsti ulgamlarynyň taslamalaryny düzmek “Türkmengaz” we “Türkmennebitgurluşyk” döwlet konsernlerine tabşyryldy.

Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, TOPH geçirijisi ýylda 33 milliard kub metr gaz geçirmek kuwwatyna eýe bolar.

Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň dekabr aýynda başlap, ony 2018-nji ýylyň dekabrynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi diýip, habarda aýdylýar.