Berdimuhamedow Ukraina sapar eder

Türkmenistanyň we Ukrainanyň prezidentleri G.Berdimuhamedow (s) we P.Poroşenko (ç), Aşgabat

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň baharynda Ukraina sapar eder. Bu barada Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko 28-29-njy oktýabr aralygynda Türkmenistana eden saparynyň yzýany aýtdy.

“Biz Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň indiki saparynyň indiki ýylyň baharynda geçirilmegi barada ylalaşdyk”, diýlip ukrain mediasynda Poroşenkonyň sözünden sitata getirilýär.

29-njy oktýabrda Aşgabatda geçirilen türkmen-ukrain gepleşiklerinde ýurtlaryň arasyndaky partnýorlygyň möhüm ugurlary hökmünde ýangyç-energiýa we transport pudaklary agzaldy. Türkmenistan Ukraina ýangyç-energiýa pudagynyň önümleriniň üpjünçiligini artdyrmaga taýýarlyk bildirdi.

Gepleşikleriň netijesinde gol çekilen dokuz dokument senagat, oba hojalygy, syýahatçylyk, diplomatiýa we bilim ugurlaryna degişli boldy.