Türkmen migrantlary we Garaşsyzlyk baýramy

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Aşgabatda geçirilen dabarlaaryň biri.

Bilnişi ýaly her ýyl Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramçylygy üçin döwlet derejesinde uly taýýarlyklar görülýär.

Eýse, Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan bäri dürli ýurtlara işlemäge ýa-da ýaşamaga giden türkmen migrantlary garaşsyzlyga nähili baha berýärler? Türkmen migrantlary Garaşsyzlyk baýramyny belleýärlermi? Migrantlar, Türkmenistanda garaşsyzlykdan nämä garaşýardy we nähili netije aldylar? Garaşsyzlygyň migrantlaryň durmuşynda nähili roly ýa-da täsiri boldy?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny garaşsyzlygyň migrantlaryň durmuşyna ýetiren täsirlerine gönükdirýär.

Hemmeleri "Garaşsyzlygyň migrantlara täsiri" diýem tema boýunça geçirjek gepleşigimize gatnaşmaga hem goşant goşmaga çagyrýarys. Habarlaşmak üçin biziň elektronik hat salgylarymyz: hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com

Şeýle-de aşakdaky foruma öz teswirleriňizi ýazyp bilersiňiz.