Kabul: 'Talyban' bir etraby basyp aldy

Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri.

Owganystanda “Talyban” söweşijileri bilen owgan güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyklardan soň, jeňçiler ýurduň demirgazygyndaky bir etraby basyp aldy.

Tahar welaýat häkimliginiň metbugat wekili Donatulah Taýmoryň 28-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, söweşijiler Owganystanyň Täjigistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän Darkad etrabynyň kontrollygyny ele geçiripdirler.

Taýmor çaknyşyklarda alty owgan harbysynyň heläk bolandygyny aýtdy.

Bu aralykda, “Talyban” hereketi beýanat ýaýradyp, çaknyşyklarda özüniň iki söweşijisiniň öldürilendigini mälim etdi hem-de jeňçileriň etrabyň hökümet we polisiýa binalaryny ele geçirendigini öňe sürdi.

Owganystanyň hökümeti “Talyban” hereketiniň “Özbegistanyň Yslam hereketi” we beýleki guramalar bilen bilelikdäki güýçleriniň bardygyny we olaryň ýurduň demirgazygyndan Merkezi Aziýa aralaşmagy maksat edinýändigini aýtdy.