Täjigistanyň paýtagtyndan 200 km günortada ýerleşýän Kubodiýonyň Samandar Hudaýnazarow adyndaky obasynyň etniki türkmenleri eýýäm uzak ýyllardan bäri özlerini bu ýurtda ýat hasaplamaýarlar.
Olaryň ata-babalary geçen asyryň ortasynda Kremliň buýrugy boýunça jowzaly Wahş takyrlygyna göçürilipdirler. Türkmenler ýuwaş-ýuwaşdan "ýerli" halka öwrülipdirler. Ýöne geçen şeýle uzak ýyllara garamazdan, ol ýerdäki türkmenler öz däp-dessurlaryny we edim-gylymlaryny gowy saklamagy başarypdyrlar.
Owal Teşiktoş (Deşikdaş) diýip atlandyrylan ol obada häzir üç ýarym müňden gowrak etniki türkmen ýaşaýar. Ol ýerdäki türkmenleriň ýaşaýşy täjiklerden o diýen tapawutlanyp baranok. Ýöne türkmen gyzlary öz täjik boýdaşlaryndan diýseň tapawutlanýarlar. Sebäbi olar adata görä, halyçylyk hünärleriniň ähli tilsimlerini biläýmeli. Merjen Taňrygulyýewa 20 ýaşynda. Ýöne onuň dokan halylarynyň dabarasy paýtagta çenli baryp ýetipdir. Merjen hut haly sungaty bilen güzeran görýär. Ýerli bazarda türkmen dokama el halysyny 150 amerikan dollaryna barabar bahadan satyn alyp bolýar.
Merjeniň gürrüň bermegine görä, nepis haly sungaty türkmen zenanlarynyň durmuşynyň esasy bölegini düzýän el hünäri. Ýöne. häzirki döwürde halyçylyk sungatyndan ussatlyk bilen baş çykarýan gowy halyçy aňsat tapdyrmaýar. Türkmenler halyny we palasy ýüňden we pagtadan dokaýarlar. Olaryň boýaglaryny bolsa tanymal ussalar öz elleri bilen taýýarlaýarlar. Merjeniň aýtmagyna görä, türkmen halylarynyň klassyky reňkleri goýy gyzyl, gök we goňur. Haly nagyşlary göýä diýersiň biziň eramyzdan owal 4-nji asyrda keramiki gap-gaçlaryň ýüzüne çekilen gadymy nagyşlaryň gaýtalanýan görnüşleri ýaly.
Hut haly hünärmenligi Merjeniň Atahan atly ýerli bir ýaş ýigit bilen tanyşmagyna sebäp bolupdyr. Häzir olar ýylyň ahyrynda tutjak durmuş toýlaryna taýýarlyk görýärler. Atahan gelni bilen eşretli durmuşda ýaşamak üçin uzak ýurtda, ýagny Russiýada işleýär. Merjen bolsa öz öýünde toýa çenli iň owadan ullakan halysyny dokap gutarmak üçin jan edýär.
Merjeniň gyz jigisi Zarrina bolsa ýerli mekdepde bilim alýar. Ol hem öz maňlaýyna ýazylan ýigidiň daşary ýurtlarda işleýän zähmet migranty däl-de, eýse lukman bolmagyny arzuw edýär. Kubodiýonda ekerançylyk hem pagta bilen meşgullanmakdan başga hiç hili iş ýok diýen ýaly. Şonuň üçinem erkek adamlaryň köpüsi Orsýetde zähmet migranty bolup işleýärler.
Samandar Hudaýnazarow adyndaky obanyň ýaşaýjysy Jahan Kulyýewanyň gürrüň bermegine görä, indi häzirki döwürde türkmenleriň däp-dessurlary we edim-gylymlary täjikler we özbekler bilen kän aratapawut etmeýär. Türkmenler öz öýlerinde ene dilinde gepleşýärler. Olaryň çagalary bolsa käte türkmençe, käte-de täjikçäni gatyp-garyp gepleşýärler. Obada türkmen mekdebi ýok. Şonuň üçinem türkmen çagalar ýa täjik mekdebine ýa-da özbek mekdebine gitmeli bolýarlar.
Ol ýerdäki türkmenler öz ata Watany barada diňe telegepleşiklerden duşünje alýarlar we olaryň hemmesi Türkmenistana baryp görmegiň arzuwynda. Aslynda ol ýerdäki türkmen ýaşlary Täjigistany öz ata Watany hsaplaýarlar. Sebäbi olar hut şol ýerde doglan we önüp-ösen. Olaryň hemmesi diýen ýaly täjikçe suw ýaly gepleýärler. Şonuň üçinem olary ýerlilerden tapawutlandyrmak o diýen aňsat hem däl.