BMG: Yrakda mergi ýaýraýar

Mergä garşy sanjym edilýär, Yragyň Ramadi şäheri, 21-nji sentýabr, 2015.

BMG-niň 21-nji oktýabrda habar bermegine görä, geçen aýdan bäri Yrakda mergi keseli bilen bagly 1600-den gowrak waka hasaba alnypdyr. Bu ýagdaýyň kömege mätäç 8.6 million adama degişli gumanitar krizisi hasam güýçlendirýändigi aýdylýar.

Yragyň Saglyk ministrligi öz maglumatynda mergi bilen bagly 1800-den gowrak wakany hasaba alandygyny we alty adamyň mergiden ölendigini habar berdi. Maglumatda keselçiligiň Yragyň demirgazyk Kürdüstan regionyna ýaýrandygy aýdyldy.

BMG-niň ynsanperwer işlerini sazlaşdyrýan guramasynyň aýtmagyna görä, 22-nji sentýabrda Yrakda mergi bilen bagly diňe 54 waka hasaba alnypdyr. Merginiň ýaýramagyna esasan suw sistemasynyň sandan çykmagynyň we suwy arasslamak üçin hlor serişdesiniň ýetmezçilik etmeginiň sebäp bolýandygy aýdylýar.