Günbataryň Merkezi Aziýadaky soňky bazasy ýapylýar

Özbegistanyň Termez şäherindäki Germaniýanyň esgerleri.

Germaniýa özüniň Özbegistandaky howa bazasyny ýapjakdygyny aýtdy. Şeýlelikde Günbataryň ozalky sowet Orta Aziýasyndaky iň soňky harby desgasy ýapylýar.

2001-nji ýyldan bäri goňşy Owganystandaky german hem NATO güýçlerini goldaw bilen üpjün eden we Termez şäherinde ýerleşýän baza 2015-nji ýylyň aýagynda ýapylar diýip, 14-nji oktýabrda german harbysy aýtdy.

"Men muny tassyklap bilýärin. Termezdäki strategik baza 31-nji dekabrda, ýagny şu ýylyň aýagynda ýapylar diýip, german mediasynda 14-nji oktýabrda habar berildi. Işgärleriň käbiri Owganystana Mazary-Şerife geçiriler. Ol ýerde biziň bazamyz bar. Galanlary hem Germaniýada ýerleşdiriler" diýip, Germaniýanyň daşary ýurtlarda harby operasiýalar alyp barýan goşun bölüminiň sözçüsi Dominik Wullers Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

Dolanyp gelmek mümkinçiligi

Onuň bildirmegine görä, bazadaky 41 sany german işgäriniň ýarpysyna golaýy üstümizdäki aýyň başlarynda Termezi terk edipdir. Demirgazyk Owganystandaky german güýçleri awgust aýyndan bäri Birleşen Ştatlaryň transport uçarlaryna bil baglaýar.

"Biziň uçarlarymyz indi Termezde gonman, göni Owganystana gelýär. Edil şu wagt Termez diňe gerek bolanda ulanylýar. Biz ondan indi yzygiderli peýdalanamzok. Ony ýapmagymyzyň sebäbi şol" diýip, Wullers aýtdy.

Ýöne ol german güýçleriniň Termez şäherine dolanyp gelme mümkinçiliginiň ýok däldigini-de sözüniň üstüne goşýar.

2001-nji ýylyň aýagynda gurlan Termez howa bazasy Orta Aziýada NATO döwletleri tarapyndan açylan sanlyja bazarlaryň biridi. Ol 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Birleşen Ştatlara edilen terrorçylykly hüjümden soňra Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky çozuşda Owganystandaky harby operasiýalara kömek ýetirmek maksady bilen döredildi.

Orsýet tarapyndan basyş

Ýöne geçen ýylyň aýagynda çet ýurtly güýçleriň aglabasy Owganystandan çekilensoň bu bazalaryň zerurlygy-da aşaklap ugrady. Galyberse-de, öz territoriýalaryndaky günbatar bazalarynyň sanyny azaltmaklary üçin Orsýet tarapyndan orta aziýa döwletlerine basyş edilýäne meňzeýär.

2005-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň Garşy-Hanabatdaky howa bazasy ýapylaly bäri Germaniýanyň bazasy Günbataryň Özbegistandaky ýeke-täk harby bazasy bolup galypdy.

Gyrgyzystanda Manas howa bazasynyň kireýine alnan möhleti öten ýyl tamamlandy. Fransiýanyň Täjigistanda Duşenbäniň uçar meýdanyndaky howa bazasy hem 2014-nji ýylda ýapyldy.

NATO-nyň Owganystandaky 12500 esgerden ybarat güýjüniň 850-sini german esgerleri düzýär.

Kireý tölegi

Amerika özüniň 9800 esgeriniň aglaba köplügini 2016-njy ýylyň aýagyna çenli Owganystandan çykarmagy planlaşdyrypdy. Ýöne onuň indi 5500 esgerini 2017-nji ýylyň aýagyna çenli ol ýerde saklamagyna garaşylýar.

Germaniýa bilen Özbegistan Termez bazasynyň möhletini 2014-nji ýylda uzaltdylar. Ýöne onuň möhleti ýa kireý tölegi barada jemgyýetçilige berlen maglumat ýok.

Regional metbugat şonda Özbegistanyň 11.5 million dollar bilen 17 million dollaryň aralygyndadyr diýip çaklanylýan kireý tölegini galdyrmaga synanyşandygyny habar beripdi.

Adam hukuklaryny goraýan toparlar Germaniýany Özbegistanda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň juda ýaramazdygyny görmezlige salýanlykda aýyplaýarlar.

Özbegistanyň awtoritar prezidenti Yslam Kerimow sowet döwründen bäri häkimiýet başynda. Ol başgaça pikirlenýänlere köp çydamlylyk görkezenok.