Gunduzyň synmagynyň Merkezi Aziýa täsiri

Gunduz welaýatynda "Yslam döwleti" atly toparyň söweşijileri.

Owganystanyň demirgazygyndaky uly şäheriň synmagy baradaky habar halkara metbugatynyň baş sahypalarynda ýerleşdirilip, Günbataryň we regionyň paýtagtlarynda howsalaly jaňlaryň kakylmagyna sebäp boldy.

Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz welaýatynyň paýtagty Gunduz şäheriniň geçen hepde “Talyban” tarapyndan wagtlaýyn basylyp alynmagy Günbataryň metbugatynyň ünsüni özüne çekdi we häkimiýetleri 14 ýyla golaý wagtdan soň ilkinji gezek öz şowsuzlyklarynyň netijeleri barada maglumat bermäge mejbur etdi. 2001-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň we onuň ýaranlarynyň amala aşyran güýçli bomba hüjümleri Gunduzdaky antitalyban ýaragly güýçleriniň şäheri basyp almagyna ýardam beripdi.

Şol bir wagtda Owganystanyň Merkezi Aziýadaky goňşulary Gunduzyň synmagy barada hiç zat ýazmadylar. Täjigistan, Özbegistan we Türkmenistan demirgazyk we günbatar Owganystanyň ýedi, şol sanda Gunduz welaýaty bilen 2 müňden gowrak kilometr uzynlykdaky serhedi öz aralarynda bölüşýärler.

Aladalar

Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça bilermeni Brýus Pannier (Bruce Pannier) täjik we özbek häkimiýetleriniň Gunduzyň synmagy barada, elbetde, alada edip başlandygyny aýdýar.

Sebäbi bir döwürlerde, ýagny “Özbegistanyň Yslam hereketi” atly topar Merkezi Aziýada işjeň bolan döwri, ýagny 1990-njy ýyllarda Gunduz şäheri bu toparyň bazasyna öwrülipdi diýip, Pannier sözüni şeýle dowam etdirýär: “Täjik häkimiýetleri Gunduzda we onuň töwereginde bolup geçýän wakalar barada öz aladalaryny beýan etdiler. Özbek häkimiýetleri bu barada bir söz hem ýazmadylar, emma bu olary hem alada goýýandyr. Biz gelip gowuşýan maglumatlardan häzirki wagtda Gunduzyň töwereginde dowam edýän uruşlara daşary ýurtly jeňçileriň gatnaşýandygyny we olaryň aglabasynyň şahsyýetiniň “täjik” we “özbek” milletindendigini bilýäris”.

Şeýle-de Pannier Merkezi Aziýanyň bu iki ýurdunyň hem eýýäm ençeme aýdan bäri özleriniň Owganystan bilen aralykdaky serhedinde öz harby güýçlerini artdyrýandygyny sözüniň üstüne goşýar: “Täjigistan barada aýdanymyzda, serhedi has gowy goramak üçin täjik hökümetine Russiýadan, Hytaýdan we Birleşen ştatlardan ýardam gelip gowuşýar. Täjigistanyň Owganystan bilen arasyndaky serhediň uzynlygy 1200 kilometr bolany sebäpli, elbetde, onuň has uly problemalary bar. Özbegistan bilen Owganystanyň arasyndaky serhediň uzynlygy bolsa diňe 160 kilometre deň”.

Gaýtawul berýän güýçler

Sowet Soýuzynyň darganyna çärýek asyr geçendigine garamazdan, Russiýa Merkezi Aziýanyň aglaba musulman ilatly ýurtlaryna öz arkadaky mellegi hökmünde garaýar. Moskwa geçen hepde Gunduzyň synmagy bilen baglanyşykly öz aladalaryny tizden-tiz beýan etdi.

”Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň” (CSTO) ýolbaşçysy Nikolaý Bordýuža Gunduzyň synmagyny “howply” ösüş diýip atlandyrýar.

“Gunduz ”Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň” örän golaýynda ýerleşýär. Biz bu wakalary regionyň durnuklylygyna we howpsuzlygyna çynlakaý gorky diýip görýäris” diýip, Bordýuža 1-nji oktýabrda Russiýanyň “Interfax” habar gullugyna beren maglumatynda belledi.

“Görlüp-eşidilmedik zat”

Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky ”Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasy” Ermenistany, Belarusy, Gazagystany, Gyrgyzystany we Täjigistany öz agzasy diýip hasaplaýar. Şu ýylyň başynda Moskwa 70 müňden ybarat goşunly gaýtawul berýän güýçleriň döredilýändigini gaýtadan yglan etdi. Bu güýçleri 72 sagadyň içinde gyzgyn nokatlarda ýerleşdirip bolýar. Şu ýylyň maý aýynda ”Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň” 2500 harbysy Täjigistanda geçirilen harby türgenleşik çärelerine gatnaşdylar.

Bordýuža Gunduzyň synmagynyň “görlüp-eşidilmedik zat” bolandygyny we ”Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň” çalt gaýtawul berýän güýçleriniň gurama agza ýurtlary durnuksyzlandyrmak ugrunda ediljek islendik synanyşygy derbi-dagyn etmäge taýýardygyny aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri

Pannier Moskwanyň Täjigistandaky goşunynyň sanyny, ýagny häzirki wagtda bar bolan 6500-7000 çemesi esgerini 9000 çemesi artdyrmagy maksat edinýandigini aýdýar. Şeýle-de ol Täjigistanyň Owganystan bilen arasyndaky serhedinde Russiýanyň güýçleriniň täjik serhet gullugyna ýardam berýändigini belläp, sözüni şeýle dowam etdirýär: “Özbegistan özbaşyna hereket edýär. Şu ýylyň başynda Birleşen Ştatlar Özbegistana “320 MRAP” kysymly harby ulaglary beren mahaly nähili derejede ýardam teklip edendigini bilmek kyn”.

Owganystanyň Merkezi Aziýadaky ýene bir goňşusy Türkmenistan bolsa-da, türkmen häkimiýetleri hem Gunduzyň synmagy, şeýle-de şu ýyl öz territoriýasy bilen serhetleşýän dört owgan welaýatynyň üçüsinde bolan ýowuzlyklar barada resmi metbugatda bir söz hem ýazmadylar.

Şol bir wagtda-da “Talyban” we merkezi aziýaly jeňçiler hüjümleri amala aşyryp, Jowzjan, Farýab we Badgys welaýatlarynyň giň territoriýalaryny basyp aldylar.

Awgusta aýynda Kabula eden sapary döwründe Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň owgan kärdeşi, prezident Aşraf Gani bilen geçiren gepleşiklerinde: “Howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek meselesinde öz tagallalarymyzy artdyrmak ugrunda has köp hyzmatdaşlyk etmek barada pikir alyşdyk” diýdi.

Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky howpsuzlyk hyzmatdaşlygynyň derejesi we gerimi barada maglumat berilmeýär.

Muňa garamazdan, owgan synçylary Owganystanda “Özbegistanyň Yslam hereketi” we “Jammat Ansarullah” toparlary bilen ilteşikli merkezi aziýaly jeňçileriň artýan täsirinden alada edýärler.

Owganystandaky merkezi aziýaly jeňçileriň uly bölegi özüniň “Yslam döwleti” atly topara ygrarlydygyny mälim etdi. Synçylaryň pikirine görä, bu söweşijiler Owganystanyň territoriýasyny ulanmak arkaly Merkezi Aziýa güýç bilen dolanmagy maksat edinýärler.