Türkmen görnüşleri - 40-njy hepde
Aşgabadyň Gaža sebitinde jaýlary ýykylýan ýaşaýjylaryň käbirleri köçäniň ugrunda dynç alýar. Bu sebitdäki jaýlary ýykmak çäresi eýýäm ençeme aý bäri dowam edýär. Häzirki wagtda bu ilatly etrabyň köp ýerinden indi diňe harabaçylyk hem gurluşyk materiallaryndan ybarat zir-zibil galdy.
Aşgabadyň köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň biriniň öňünde kepderi saklaýan oglanlar.
Aşgabadyň “Hoja Ahmet Ýasawy” köçesiniň ugrundaky duralgasyz duralgada awtobusa garaşyp duran ýolagçylar.
Aşgabatda “Arkadag” seýilgähiniň gapdalyndan geçýän ýoldaky näsazlyklar.
Aşgabatda Döwlet arhiwiniň binasynyň daşy abatlanýar. Soňky ýyllarda paýtagtda şäheri abadanlaşdyrmak çäreleriniň çäginde ençeme desgada, şol sanda binalaryň daşynda abatlaýyş işleri geçirilýär.
Aşgabadyň “Baba Annanow” köçesiniň ugrunda, uly ýoluň üstünde pyýadalar üçin gurulýan täze köpri.
Aşgabadyň “Baba Annanow” köçesiniň ugrunda, ýol gurluşygynda çapylan agaçlar. Bu köçäniň ugrunda eýýäm ençeme aýdan bäri ýol gurluşygy alnyp barylýar.