Obama we Putin birek-biregi tankytlady

Amerikan prezidenti Barak Obama (çepde) we ors prezidenti Wladimir Putin. 28-nji sentýabr, 2015 ý.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda eden çykyşlarynda amerikan prezidenti Barak Obama bilen ors prezidenti Wladimir Putin Siriýada we Ukrainada dowam edýän konfliktler sebäpli birek-biregi tankytladylar.

Moskwa gönükdirilen tankytda Obama Siriýanyň prezidenti Başar al Assady goldaýan ýurtlary ýazgardy.

Amerikan prezidenti şeýle diýdi: "Käbir güýçli döwletler halkara hukugyna garşy hereket edýärler", "demokratik prinsipleri, adam hukuklaryny" bozýarlar. "Bize hem bidüzgünçiligi aradan aýyrmak üçin [hut] şular ýaly çäreler zerur diýilýär".

“Bigünä çagalar...”

Obama onda "Bu logika boýunça, biz bombalap bigünä çagalary gyrýan Başar al Assad ýaly tiranlary goldamaly-da?!" diýdi.

Ol soňra hem Siriýadaky konfliktiň soňlanmagy üçin Waşingtonyň Orsýet şeýle hem Assadyň beýleki ýarany Eýran bilen hyzmatdaşlyk etmäge meýillidigini sözüniň üstüne goşdy. Ýöne uruş bilen baglanyşykly her bir çözgüt Assaddan daşlaşmaga gönükdirilen "gözegçilik astyndaky geçişi" öz içine almaly.

Obamadan soňra çykyp geplän Putin "Yslam döwleti" atly jeňçi topara garşy söweşde Assadyň hökümeti bilen "hyzmatdaşlygy ret etmegi uly ýalňyşlyk" diýip atlandyrdy.

Assadyň garyndaşlary

"Biz prezident Assadyň ýaragly güýçleri bilen kürt gaýtawulyndan başga ”Yslam döwletine” we Siriýadaky beýleki terroristik guramalara garşy söweşýän adamyň ýokdugyny ykrar etmeli" diýip Putin belledi.

Ors prezidenti Waşingtony Assadyň garşydaşlaryny ýarag bilen üpjün edýänlikde aýyplap, olar soňra ”Yslam döwletiniň” jeňçilerine goşulýar diýdi.

Ol şeýle hem Liwiýadaky we Yrakdaky durnuksyzlyga Birleşen Ştatlary jogapkär etdi. Onuň çaklamagyna görä, Liwiýada Muammar Kaddafiniň häkimiýet başyndan aýrylmagyna ýol açan Amerika tarapyndan goldalan howa hüjümleri.

Ekspansionizm ody

Putin şeýle hem Yslam döwletiniň jeňçileri Yragyň öňki harby işgärlerini, Liwiýanyň esgerlerini şeýle hem aram siriýalylary öz içine alýar diýdi.

Obama bilen Putin 2014-nji ýylyň martynda Orsýetiň Krym ýarymadasyny Ukrainanyň elinden basyp almagy barada hem özara çaknyşdylar.

Obama iliň ýerini basyp almak, Orsýetiň bu hereketine halkara arkalaşygy tarapyndan aýgytly jogap bolmasa, dünýäniň beýleki ýerlerinde ekspansionizm oduny tutaşdyrar diýdi.

"Biz Orsýet bilen Ukrainanyň arasyndaky çuň hem çylşyrymly taryhy ykrar edýäris. Ýöne özbaşdaklyk we toprak bütewüligi elhenç ýagdaýda bozulanda, bir çetde garap durup bilmeris. Ukrainada bolan bu işden degerli netije çykarylmasa, onda ol bu gün bu ýere ýygnanan her bir ýurtda bolup biler" diýip, amerikan prezidenti nygtady.

Obamanyň aýtmagyna görä, Waşington Orsýeti çetleşdirmek islänok. Ukrain krizisine jogap edilip, Moskwanyň garşysyna gönükdirilen amerikan sanksiýalaryndan esasy maksat - serhetleriň süýşürilip, gaýtadan çekilmeginiň öňüni almak. Bu iş "Sowuk uruş döwrüne dolanmak arzuwynyň bir bölegi däl".

Putin hem öz gezeginde Kremliň hemişeki aýyplamalaryny gaýtalap, Birleşen Ştatlar öňki Sowet Soýuzyna degişli ýurtlara rewolýusiýa eksportirleýär diýdi.