Üç mukaddeslik

Gurbannazar Ezizow. 1975-nji ýylyň sentýabr aýy. Aşgabat.

Saralyp barýan ýapraklar, çigrek gijeler bize Gurbannazary ýatladýar. Onuň aramyzdan gidenine basym 40 ýyl bolýar.

Biz indi ýarym asyr bäri Gurbannazar Ezizowyň poeziýasyna üns berýäs, ony gaýtalap okaýas hem öwrenýäs. Sebäbi ol ýerde oýlanara, täzelik tapmaga mümkinçilik bar.

Ol öz poeziýasy üçin üç beýik maksady çelgi edinipdir: olar Täzeçillik, Agraslyk hem Mukaddeslik. Şahyr öz döredijiliginde şu üç ýörelgäniň bolmagyny zerur saýypdy diýip, onuň iň ýakyn dosty hem bajasy, belli suratkeş Tokar Tugurow aýtdy.

Täzelik

Gurbannazar Ezizow (çepde) we Nury Halmämmedow

Bizde däp bolup gelen kanoniki poeziýanyň çeperçilik mümkinçilikleri iň ahyrky çäkde peýdalanyldy, ony mundan artyk ösdürmek örän kyn boljakdy. Has amatsyz tarapy-da, kanoniki usulda eser ýazyp, öz aýratynlygyňy, öz ýüzüňi tanatmak agyr düşjekdi. Şol zerurlyklar sebäpli Gurbannazarda täze poeziýa peýda boldy. Onuň saýlan ýoly giňdi, erkindi, şoňa görä-de mümkinçiligi artykdy. Ol poeziýa älemine erkinlik getirdi.

Beýle erkin pikir hem täzelik Gurbannazara ýüzugra başartmandy. Ol şahyrlaryň arasynda iň köpräk okaýany hem iň sowatlylaryndan biridi.

Onda şol döwür şahyrlaryna zerur bolan iki möhüm şert jemlenipdi. Olaryň ilkinjisi türkmen dili meselesi. Ol hatly-sowatly mugallym maşgalasynda kemala geldi. Çagalykdan kitabyň nämedigine we okamagyň zeruryýetine düşündi. Hossarlary bilen sada hem arassa dilde gepleşmegi öwrendi. Bu zatlaryň üstesine Gurbannazar şäher durmuşynda ösüp ulalansoň, çagalykdan rus dilini öwrendi. Onda seýrek duşýan tebigy zehin, gözelligi görmek hem duýmak ukyby bolupdy.

Bu mümkinçilikler ony Täzelige getirdi.

Mekdepler

Ol rus klassyky edebiýatyny hem onuň öňde baryjy wekillerini düýpli öwrenýär. Şahyr bu meselede hatda öz milliligini ýitirmekden gorkupdyr.

Men Puşkini, Lermontowy okadym,

Ak-garany saýgarmaýan döwrümde.

Gurbannazar Ezizowyň ýogalan ýeri

X1X asyryň ahyrlarynda, XX asyryň başlarynda Russiýada şahyrlar we poeziýanyň ugurlary diýseň köp dürli bolupdyr. Rus edebiýatyndaky “Kümüş asyr” diýilýän döwri döredenleriň sany tutuş Sowet Soýuzy döwründäki şahyrlardan artyk eken. Şol döwürde onlarça edebi akym ýüze çykýar.

Gurbannazar ol ugurlardan ýeterlik habarly bolansoň, olaryň ýolundan hem usulyndan peýdalandy. Aslynda onuň hut haýsy akyma artykmaç sarpa goýanyny, özüni olaryň haýsy birindan saýanyny aýtmak kyn. Ýöne meniň özüm-ä hususan A. Woznesenskini, Ýe. Ýewtuşenkony, R. Roždestwenskini, B. Okujawany göz öňünde tutýan. Şahyrda N. Tihonowyň hem M. Swetlowyň täsirlerini-de açyk görüp bolýar.

Gurbannazaryň uly edebiýata geläýen döwri N.S. Hruşewiň getiren demokratik özgerişler zamanyna, ýagny maýylganlyk döwrüne gabat gelipdi. Ýöne hut Nikita Sergeýewiçiň özi sungatdaky düýpli özgerişlige garşy çykdy hem A. Woznesenskiniň täze poeziýasyny tankytlady, dogrusy, masgaralady. Şondan soň kommunistik ideologiýany goraýjylar abstrakt sungat diýilýänine garşy göreş yglan etdiler. Bu tankydyň Türkmenistandaky mysaly hökmünde, G. Ezizowyň döredijiligine ýüzlendiler. Ýöne Gurbannazar abstrakt sungatdan daşrakdady. Oňa täzeçe, modern edebiýaty döredýär diýilse, dogry boljakdy.

Agraslyk

Gurbannazar däp bolan edebiýata, çuňňur manyly hem sada halky edebiýata dolanmak isleýär.

Juwanlykda kämillige höwrügip,

Uçup gitdim başga-başga diýara.

Indem yza haýal gelýän öwrülip,

Zyýany ýok.

Ýetsem käşgä diýara.

Ol nusgawy edebiýaty yzygiderli okap öwrenýärdi. Mysal hökmünde aýtsak, Magtymgulynyň kitaba girizilmedik goşgulary barada açyk gürrüň başlananda, ol şahyryň adyna berilýän “Kepderi” diýen eser bilen tanşypdyr. Şo döwürlerde çapdan çykan Şeýdaýynyň, Şabendäniň, Siwaslynyň we beýleki klassyklaryň eserlerini çintgäp-çintgäp öwrenýärdi.

Mukaddeslik

Gurbannazar Magtymgula ýakynlaşmak bilen kämillige baş goýdy. Ol öz gözleglerinde Beýik sadalyga – çuň mazmunly halk döredijiliginiň derejesine baryp ýetdi.

Agaç agaja barak,

Arasyndan suw akar.

Şu sertiler bilen başlanýan goşgy meşhur aýdyma öwrüldi.

Onuň beýik klassyka hem mukaddeslige nähili ýakynlaşandygny şu setirleri-de tassyklaýar.

Säher tutup, syl ýüzüňe çagaňy,

Päkligiňde bolup bilseň şonça bol!

G. Ezizowyň “1841-nji ýyl, Lermontow dueliň öň ýanynda” diýen eserinde şeýle setirler bar.

Indi seniň hiç wagt dogmajak ogluň

Dur ajal okunyň öňünde häzir.

Ezelden gelene çäre ýok, ony saklajak güýjem ýok. Bu aýralyga basym 40 ýyl dolýar.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.