Harjonyň goşgulary $100,000 utdy

Joý Harjo

Maskogi Krik asylly şahyr Joý Harjo Amerikan Şahyrlar Akademiýasynyň 'subut edilen ussatlyk' üçin berýän Wallace Stevens baýragyna mynasyp boldy.

Amerikan Şahyrlar Akademiýasy 100 müň dollarlyk baýragyň 64 ýaşyndaky Joý Harjo berilýändigini 10-njy sentýabrda yglan etdi.

Şahyrlar Akademiýasy Harjony "arzuwçyl adalat-agtaryjy sungaty", "gaýgy-gamy gözellige", "agyry-ynjyny bejerişe" öwrüp bilýäni üçin öwdi.

Joý Harjo Maskogi/Krik halkyýetiniň halkara derejesinde tanalýan şahyry, ýazyjysy we saksofonçysydyr. Onuň çap etdiren ýedi poeziýa kitaby bir topar sylaga mynasyp boldy. Şeýle-de ol özboluşly saz eserlerinden düzülen we baýrak alan üç albomyň awtorydyr. Harjo Nýu Meksika uniwersitetinde sapak bermeýän wagtlary Honoluluda, Hawaýide ýaşaýar.

Ol bir sözünde "men öz ömrümi halas etmek üçin ýazyp başladym" diýipdi. ýene bir sözünde bolsa "men poeziýany seçip aldym, hakykatda poeziýa meni seçdi" diýipdi. Şeýle-de ol özüniň "rewolýusionerleriň uzak neslinden gelýändigini" aýdypdy.

Onuň ejesi hem aýdym sözlerini ýazypdyr, ýöne ol ejesiniň dört çagany kemala getirmek we iş bilen goşga wagtynyň galmandygyny aýdýar.

Joý Harjo özüni Maskogi halkynyň agzasy hasaplaýar we "Men şahyr, sazanda, hyýalbent we soranjaň" diýýär. "Her bir adam ýaly, men nähilem bolsa bir jogaplary gözleýärin" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

"Dogduk mekanyň saňa göni täsir ýetirýär: ol seniň bedeniňe täsir edýär; ol kollektiw aň-pikire we kollektiw ýürege, kollektiw ruha täsir edýär" diýip, ol aýdýar.

Azatlygyň okyjylaryna şahyryň ilkinji gezek 1983-nji ýylda çap edilen, häzir klassyka hasaplanylýan bir eserini - "Onuň käbir atlary bardy" goşgusynyň iňlisçeden terjimesini hödürleýäris.

Bu goşgy zenan dünýäsini, gyz-gelinleriň iň bir inçe duýgularyny açyp görkezýär. Joý Horjo aýallaryň lapykeçliklerinden, olaryň erkekleriň we jemgyýetiň elinden bendilige salnyşyndan we maýrylyşyndan, emma şonuň bilen birlikde olaryň oýanyşyndan, güýç-kuwwatyndan we söýgüsinden söz açýar.


Oň käbir atlary bardy

Onuň atlary bardy, ak çägeden bedeni.
Onuň atlary bardy, gandan çyzlan kartady.
Onuň atlary bardy, derileri ýedi deňziň suwundan.
Onuň atlary bardy, asmanyň gök nurundan.
Onuň atlary bardy, ýüň bilen diş durşuna.
Onuň atlary bardy, toýundan hem döwüljek.
Onuň atlary bardy, dargan gaýadan uçup.

Oň käbir atlary bardy.

Onuň atlary bardy, otly gözli ullakan.
Onuň atlary bardy, dolmuş hem goňras butly.
Onuň atlary bardy, aşa artykmaç gülýän.
Onuň atlary bardy, jäçden jaýa daş salýan.
Onuň atlary bardy keser tygyn ýalaýan.

Oň käbir atlary bardy.

Onuň atlary bardy, enesiniň goltugynda tans eden.
Onuň atlary bardy, güneş bilen özlerin
hemem bedenlerin güjeňlän daşa, ýanan ýyldyzlar ýaly.
Onuň atlary bardy, aý üstünde gijelerne wals oýnan.
Onuň atlary bardy, utanjaň hemem ýuwaş,
öz guranja atýatagna gabalan.

Oň käbir atlary bardy.

Onuň atlary bardy, krik tans aýdym-sazyna aşyk.
Onuň atlary bardy, aglan içgilerniň içine içgin.
Onuň atlary bardy, tüýküren erkek atlara, gorky, dowul eçilen.
Onuň atlary bardy, gorkmaýarys hiç diýen.
Onuň atlary bardy, ýalan sözlän, aldawçy.
Onuň atlary bardy, hakykaty aýdan hemem
dillerinden çyplak bolan.

Oň kabir atlary bardy.

Onuň atlary bardy, özlerine "at" diýen.
Onuň atlary bardy, "ruh" saýan özüni
hemem sesin sem edip, saklan diňe özlerine.
Onuň atlary bardy, ne ady, ne sory bar.
Onuň atylary bardy, gat-gat kitap atlary.

Oň käbir atlary bardy.

Onuň atlary bardy, garaňkyda pyşyrdaýan, çekinýän geplemekden.
Onuň atlary bardy, ümsümlikden gorkup bagyrýan hemem
arwahdan goranmak üçin pyçak göterýän ýanynda.
Onuň atlary bardy, garaşýan öldürilmäge.
Onuň atlary bardy, garaşýan dirilişe.

Oň käbir atlary bardy.

Onuň atlary bardy, dyza çöken islendik halasgäriň öňünde.
Onuň atlary bardy, gymmat baham üçin gutuldym diýýän.
Onuň atlary bardy, halas etjek bolup gelen her agşam,
hemem düşegine münüp, doga-dilege tutan.

Oň käbir atlary bardy.

Oň käbir atlary bardy, söýüpdi.
Oň käbir atlary bardy, ýigrendi.

Ýöne olar şol bir kybap atlardy.