Antennalar sökülýär
Adatça Aşgabadyň käbir beýleki sebitlerindäki köpgatly ýaşaýyş jaýlaryndan çanak antennalary sökülip aýrylmazdan ozal, ýaşaýjylara hökümetiň eýeçiligindäki kompaniýalar tarapyndan hödürlenýän kabel liniýalar teklip edilýärdi.
Şu ýylyň başyndan bäri paýtagt Aşgabadyň köpgatly ýaşaýyş jaýlaryndaky çanak antennalary söküp aýyrmak kampaniýasy dowam edýär.
Aşgabadyň 5-njy etrapçasynyň käbir ýaşaýjylary antennalaryň duýdansyz aýrylmagy sebäpli, özleriniň birnäçe günläp öz isleýän telekanallaryna tomaşa edip bilmejekdiklerini belleýärler.
Çanak antennalaryny söküp aýyrmak çäresi mundan ozal Aşgabadyň Parahat etrapçalarynda we şäheriň 6-njy kiçi etrabynda amala aşyrylypdy.
Bu sebitiň ýaşaýjylarynyň aglabasy çanak antennalaryň näme sebäpden sökülip aýrylýandygy barada resmiler tarapyndan hiç hili düşündirişiň berilmeýändigini, käbirleri bolsa bu çäräniň “şäheri abadanlaşdyrmak” kampaniýasynyň çäginde geçirilýändigini aýdýarlar.
Aşgabadyň käbir sebitlerinde sökülip aýrylan çanak antennalaryň ençeme günläp köçelerden ýygnanmaýandygyny görse bolýar.